Habarlar

Bäsleşigiň welaýat tapgyry

04.02.2026

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Hünärim bar — hormatym bar» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirildi.

Amaly-haşam sungatynyň nusgalaryndan ugur alyp, tutanýerli zähmet çekýän we tikinçilik bilen meşgullanýan, el işlerini ýerine ýetirmekde, milli lybaslary biçip-tikmekde görelde görkezýän tikinçi zenanlaryň arasynda yglan edilen bäsleşige onuň deslapky tapgyrlarynda öňe saýlanan gelin-gyzlar gatnaşdylar. Zenanlaryň ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän tikinçilik sungatyna bolan yhlas-başarnyklaryny açyp görkezmegi, olaryň hünär ussatlygyny kämilleşdirmegi, zähmet öndürijiligini artdyrmagy, Watanymyza, halkymyza, Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize bolan belent söýgi-buýsanjyny, ýaş nesillere görkezýän göreldesini wagyz etmegi maksat edinen bäsleşik üç şertden ybarat boldy.

Bäsleşige gatnaşan zenanlar şertlere laýyklykda, öz el hünärlerini ýaş gyzlara öwretmekde alyp barýan işlerini, tikýän milli lybaslarynyň aýratynlyklaryny gürrüň berdiler. Bellenilen wagtyň dowamynda gyzjagazlara köýnek biçip-tikdiler. Milli lybaslary taýýarlaýyşlary we olara salan gadymy nagyşlaryndaky syrly şekiller barada çeper söz bilen beýan etdiler. «Elimden çykan egnime ýarar» diýlen aýtgydan ugur alyp, keşdelän lybaslaryny geýnip, goşgularda, gazallarda tarypladylar.

Netijede, Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň mugallymy Oguljeren Rejebowa, Esenguly etrabyndaky 6-njy orta mekdebiň mugallymy Gülzar Baýramowa we Bereket etrabyndaky 19-njy orta mekdebiň mugallymy Nurjemal Täçmämmedowa birinji orunlara mynasyp bolup, olar bu bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Bäsleşige gatnaşanlaryň ählisine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň sowgatlary gowşuryldy.