Hünärim bar, hormatym bar
Türkmenistanyň
Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler
arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Hünärim bar, hormatym
bar» atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyry paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň
merkezinde geçirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň nusgalyk
sungatyndan görelde alyp, el hünäriniň mynasyp dowam etdirilmegine goşant
goşmak maksady bilen, dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän çeper elli
zenanlaryň arasynda guralan bäsleşik üç şertden ybarat bolup, birinji şertde oňa
gatnaşyjylar ýurdumyzyň ösüşleri, zenan mertebesi, milli mirasymyzyň, sungatymyzyň
sarpasy barada buýsanç bilen söhbet etdiler. 30 minutyň dowamynda gyzjagazlar
üçin niýetlenen köýnegi biçip hem tikip görkezmekden ybarat bolan ikinji şert
has-da täsirli boldy. Bu şertde bäsleşige gatnaşyjylar milli lybaslarymyz,
olara salynýan nagyşlaryň manysy, köýneklik matanyň saýlanyp alnyşy barada hem gürrüň
berdiler. Üçünji şertde bäsleşige gatnaşyjylar öz tiken eşikleriniň esasynda
döwrebap milli lybaslarymyzyň görkezilişini gurap, olary çeper wasp etdiler.
Şeýlelikde, «Hünärim bar, hormatym bar» atly
bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda baş baýraga welaýatymyzyň ezber elli zenanlary
mynasyp bolmagy başardylar. Birinji orny Mary welaýatynyň, ikinji orny Aşgabat,
Arkadag şäherleriniň, üçünji orny Ahal, Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň
gelin-gyzlary eýelediler.