Habarlar

Göwünleri galkyndyrýar «Galkynyş»

17.02.2026

Hormatly Prezidentimiziň 13-nji fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli atçylyk we atly sport ugurlary boýunça çäreleriň Maksatnamasynyň işlenip taýýarlanandygyny aýdyp, bu ugurda degişli resminama gol çekmegi aýratyn ähmiýete eýe boldy. Munuň özi şanly ýylyň ilkinji aýynda Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagynyň şanyna Balkanabat şäherinde geçirilen dabaraly çäreleriň ýokary guramaçylygynyň gözbaşyna öwrüldi.   

Hakyky türkmen toýlaryna mahsus şatlyk-şowhuna, ruhubelentlige beslenen dabaraly çäreler «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň öňünde milli däp-dessurlarymyza laýyklykda duz-çörek bilen garşylanmagy arkaly badalga aldy. Bu ýerde joşgunly aýdym-sazlar belentden ýaňlanyp, dabaranyň şowhunyny artdyran medeni çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik özgertmeleriniň, behişdi ahalteke bedewleriniň, şanly ýylyň beýik tutumlary taryplandy. Halkymyzyň ýagşy yrym-ýörelgesine eýerilip, «Galkynyş» toparyna dagdan agajyndan ýasalan nalyň gowşurylmagy aýratyn ýatda galyjy boldy. Şeýle-de, toparyň agzalary bu ýerde ýaýbaňlandyrylan milli atçylyk sungatyna, amaly-haşam, el işlerine degişli sergini synlap, çäksiz ruhy lezzet aldylar.

Şunuň ýaly täsirli çärelerden soňra toparyň agzalary asman atlaryna deňelen ahalteke bedewlerine atlanyp, şäheriň döwrebap şaýoly boýunça guran toý ýörişi arkaly «Türkmeniň ak öýi» binasyna tarap ugur aldylar. Ýörişiň dowamynda şöhraty ýedi yklyma dolan toparyň agzalaryny şaýoluň ikiýan gyrasyny dolduran toý mähellesi alkyşly sözler, şowhunly el çarpyşmalar bilen mübäreklediler. Toý ýörişiniň dowamynda guralan medeni çäreler dabaraly ýörişiň şowhunyny has-da artdyrdy. Welaýatymyzyň döredijilik tans toparlarynyň gelin edinmek dessuryndan görkezen parçalary, sungat ussatlarynyň edebi-sazly kompozisiýalary hemmelerde ýakymly duýgulary döretdi.   

«Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňünde ýaýbaňlandyrylan medeni çykyşlar dabaraly çäreleriň mazmun baýlygynyň üstüni ýetirip, halkymyzyň gamyşgulak bedewlerimize bolan çäksiz buýsanjynyň, türkmen bedewleriniň dünýä dolan şan-şöhratyny öňküdenem belende göterýän Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize bolan egsilmez alkyş sözleriniň mynasyp beýanyna öwrüldi. Ýürekleriň töründen çykýan şeýle hoşallyk sözleri «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ajaýyp sahnasynda dowam eden buýsançly çykyşlaryň, belent heňlerde ýaňlanan aýdym-sazlaryň, ýerine ýetirilen küştdepdidir gazallaryň içinden hem eriş-argaç bolup geçdi. Çykyşlaryň çuňňur mazmunynda beýan edilişi ýaly, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanýan üstünlikleri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkynyň milli guwanjy, buýsanjy bolup durýan ahalteke bedewlerine bolan nusgalyk söýgi-sarpasynyň miwesidir. Şeýle hormat-sarpa bedewlerimiziň şan-şöhratyny belende göterip, «Galkynyşy» täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Dabarada «Galkynyş» toparynyň täsirli çykyşlaryna orun berilmegi aýratyn ýatda galyjy boldy. Toparyň agzalarynyň çapyp barýan bedewleriň üstünde ussatlyk bilen ýerine ýetirýän oýunlary, çalasyn hereketleri hemmeleri haýran galdyrdy. Olaryň çykyşlary dowamly ýaňlanan el çarpyşmalar bilen garşylandy. Sungat ussatlarynyň bedewlere atlanyp, ýerine ýetiren şirin aýdymlary dabaranyň täsirli pursatlarynyň üstüni ýetirdi.     

         «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna bezeg berýän çuň mazmunly çäreleriniň hatarynda mynasyp orun alan dabaraly çäreler welaýatymyzyň ilatynyň Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli tutumlaryna bolan ýürek buýsanjyny ýene bir ýola tassyklady.

Dabaralar tamamlanandan soňra, Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň köpçülikleýin dabaralar geçirilýän ýerinde toý sadakasy berildi.