Tans we folklor toparlarynyň bäsleşigi
Welaýat
medeniýet müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde guramaklarynda tans hem-de folklor
toparlarynyň arasynda geçirilen bäsleşik «Bedew batly at-myradyň mekany — tans,
folklor dessury döwrüň mukamy» diýlip atlandyryldy.
Hormatly
Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli
medeniýetimizi ösdürmek babatdaky taýsyz tagallalaryndan gelip çykýan wezipelerden
ugur alyp, medeniýeti, sungaty, halk döredijiligini has-da kämilleşdirmek,
halkymyza edilýän medeni hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, ösüp gelýän ýaş
nesilleriň medeniýete, sungata bolan söýgülerini we garaýyşlaryny ösdürmek maksady bilen geçirilen bäsleşige
etrap-şäherleriň tans hem-de folklor toparlary gatnaşdylar.
Balkanabat
şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde guralan bäsleşigiň şertine
laýyklykda, oňa gatnaşanlar «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly
at-myradyň mekany» ýylymyza bagyşlanyp döredilen aýdymly tansy ýerine
ýetirdiler. Folklordan parçalary ýerine ýetirmekde ussatlyklaryny görkezdiler.
Emin agzalary
bäsleşige gatnaşyjylaryň ýerine ýetirijilik ukybyna, tansyň milliligine,
folkloryň many-mazmunyna, çykyş edýänleriň egin-eşikleriniň kybapdaşlygyna we
döwrebaplygyna baha berdiler.
Netijede, tans
sungaty boýunça Gyzylarbat etrabynyň «Misseriýan» tans topary baş baýraga
mynasyp bolmagy başardy. Türkmenbaşy şäheriniň «Ýaşlyk», Türkmenbaşy etrabynyň
«Kenar», Esenguly etrabynyň «Deňiz» tans toparlary degişlilikde birinji,
ikinji, üçünji orunlary eýelediler.
Folklor toparlaryň arasynda baş baýragy
Balkanabat şäheriniň «Şapak» folklor topary eýeledi. Bereket etrabynyň «Bereket
ýaýlasy» folklor topary birinji, Gyzylarbat etrabynyň «Köpetdag» folklor topary
ikinji, Türkmenbaşy şäheriniň «Miras» folklor topary üçünji orunlara mynasyp
boldular.
Bäsleşikde öňe
saýlanan toparlara ony guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary hem-de ýadygärlik
sowgatlary gowşuryldy.