Kalplary buýsanja beslän baýramçylyk çäresi
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň
guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň
ak öýi» binasynda geçirilen dabaraly çäre dürli ugurlarda zähmet çekýän
gelin-gyzlary, mährem eneleri üsti naz-nygmatly toý saçagynyň başynda jemledi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe zenanlaryň
bagtyýar durmuşda ýaşamagy, zähmet çekmegi we nesil terbiýelemegi ugrunda uly
aladalar edilýär. Muňa «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly
at-myradyň mekany» ýylynda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilýän
şatlyk-şowhunly çäreleriň we olarda edilýän buýsançly çykyşlaryň mysalynda hem aýdyň
göz ýetirmek bolýar. «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirilen dabaraly çärede hem
buýsançly çykyşlara giň orun berlip, zenanlara egsilmez hormat-sarpa goýýan
Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş
aýdyldy.
Sungat ussatlarynyň, aýdym-saz, tans toparlarynyň çykyşlary dabaraly çäräniň
şatlyk-şowhunyny has-da artdyrdy. Belentden ýaňlanan aýdym-sazlarda, joşgunly
tanslarda, küştdepdidir gazallarda Halkara zenanlar gününiň, bahar paslynyň,
eneleriň, zenanlaryň waspy ýetirildi.