Habarlar

Zenanlara belent sarpanyň nyşany

08.03.2026

Halkara zenanlar güni mynasybetli welaýat Baş bilim müdirliginiň hem-de Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň Balkanabat şäher geňeşiniň bilelikde guramaklarynda aýdym-sazly çäre geçirildi.

Welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda geçirilen çärä bilim ulgamynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, eneler, ýaşlar gatnaşdylar. Çykyş edenler bu ýere ýygnananlary Halkara zenanlar güni bilen mähirli gutladylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe enelerimize we gelin-gyzlarymyza goýulýan hormat-sarpanyň has belent derejelere göterilýändigini buýsanç bilen bellediler. Zenanlaryň maşgala mukaddesligini goramakda, perzentlerini milli ruhda terbiýeläp, olaryň Watanymyzy has-da ösdürjek adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmakda tagallalaryny gaýgyrmaýandyklaryny, asylly zähmetiň nusgasyny görkezýändiklerini nygtadylar. Munuň üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.

Baýramçylyk çäresiniň dowamynda aýdym-sazlar, tanslar, gazallar ýerine ýetirilip, olarda täze taryhy eýýamyň, Halkara zenanlar gününiň, bahar paslynyň waspy edildi.