Habarlar

Enelere belent sarpanyň nyşany

08.03.2026

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri welaýatymyzda hem biri-birine ulaşdy. Welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de mynasyp terbiýeläp ýetişdiren eneleri sarpalamak dabarasy hem şeýle çuň mazmunly baýramçylyk çäreleriniň biri boldy. Onda çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, zenanlara uly hormat-sarpa goýýan halkymyzyň bu ýol-ýörelgesi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze mazmuna eýe bolýar. Eneligi we çagalygy, maşgala gymmatlyklaryny goramak, aýal-gyzlaryň hünär, döredijilik, aň-paýhas mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, olaryň kanuny bähbitlerini, hukuklaryny, gender deňligini üpjün etmek döwlet syýasatymyzyň möhüm aýratynlygydyr. Dabarada munuň üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyş sözleri aýdyldy. Şeýle-de  hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady dakylan eneler gutlanyp, olara Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan gymmatbahaly sowgatlar şowhunly el çarpyşmalar astynda gowşuryldy. «Ene mähri» diýen hormatly ada eýe bolan köp çagaly eneler bolsa özleri barada döwlet derejesinde edilýän ägirt uly aladalar üçin Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize ene kalbyndan çykýan alkyşlaryny beýan etdiler. Şunuň ýaly tolgundyryjy çykyşlar welaýatymyzyň sungat ussatlarynyň mährem eneleri, gelin-gyzlary, bahar paslyny, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň taryhy tutumlaryny taryplaýan aýdym-sazlaryna utgaşdy.

Köp çagaly enelere Bereket etrabynyň Galkynyş şäherçesinde döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylyş dabarasy hem ýatda galyjy boldy. Onda hem gutlag çykyşlaryna uly orun berilip, zenanlaryň eziz Watanymyzyň gazanýan köpugurly ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşmaklaryny gazanmakda, sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişmeklerini üpjün etmekde, köp çagaly maşgalalary hemmetaraplaýyn goldamakda üstünlikli amala aşyrylýan döwletli tutumlar barada ýene bir ýola buýsanç bilen nygtaldy. Täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny ýüzlerine sylan köp çagaly eneler — Balkanabat şäheriniň Oglanly şäherçesiniň ýaşaýjysy Hurma Baýramalyýewa we Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesiniň ýaşaýjysy Arzygül Täçgulyýewa ýokary amatlyklary bolan döwrebap öýleri sowgat eden Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirdiler. Sungat ussatlary bezemen sahnada joşgunly aýdym-sazlary, milli tanslary ýerine ýetirip, dabaranyň şowhunyny artdyrdylar.

Soňra dabara gatnaşyjylar täze öýleriň mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşdylar hem-de «Ýurt garşy alsyn! Toýly jaý bolsun!» diýip, öý eýelerini täze ýaşaýyş jaýlary bilen gutladylar. Giňden ýazylan toý saçagynyň nygmatlaryndan dadyp, agzybir halkynyň bagtyýarlygy üçin ähli tagallalary edýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, beýik tutumlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.