Şanly senä bagyşlanan dabaraly maslahat
Balkanabat şäherinde ýerleşýän welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Gyzyl
Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň guramagynda «Ynsanperwerlik ýoly»
atly dabaraly maslahat geçirildi. Guramanyň döredilmeginiň 100 ýyllygy
mynasybetli geçirilen dabara il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler,
jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim işgärleri, talyp ýaşlar we
meýletinçiler gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti ýurdumyzyň baýry ynsanperwer
jemgyýetçilik guramalarynyň biri bolmak bilen, ol täze taryhy eýýamda amala
aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmelere işjeň gatnaşýar. 1926-njy ýylda
döredilen bu gurama öz işini ýurdumyzyň çäginde welaýat, şäher we etrap
şahamçalarynyň üsti bilen amala aşyrýar. Gurama döredilen gününden bäri raýatlaryň durmuş goraglylygyny
üpjün etmek, ilatyň saglygyny goramak, ejir çekenlere kömek bermek, ýaş nesli
türkmen halkynyň rehimlilik, duýgudaşlyk ýaly iň gowy däpleriniň ruhunda
terbiýelemek bilen bagly ugurlarda uly işleri geçirýär. Dabaraly maslahatda çykyş
edenler şular dogrusynda bellemek bilen, ilatymyzyň saglygy, ýaşaýyş-durmuşy hakynda alada edýän Gahryman
Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Soňra bu ýere ýygnananlar welaýat
kitaphanasynyň girelge zalynda ýaýbaňlandyrylan sergä syn etdiler. Haly we
haly önümleriniň, amaly-haşam sungatynyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň we
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän kitaplarynyň, nusgawy
edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň eserleriniň sergileri dabaraly maslahata
gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi. Welaýat çagalar sungat mekdebiniň
«Balkan» skripkaçylar we fleýtaçylar toparlarynyň çalan ajaýyp sazlary-da
täsirli boldy.