Bedew batly Diýaryma Nowruz geldi, ýaz geldi
Milli bahar baýramy mynasybetli welaýat häkimliginiň
guramagynda «Bedew batly Diýaryma Nowruz geldi, ýaz geldi» diýen at bilen Balkanabat
şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde aýdym-sazly çäre geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli bahar baýramyny —
Halkara Nowruz gününi halkymyz ýokary ruhubelentlikde şatlyk-şowhun bilen
garşylaýar. Asyrlarboýy dowam edip, biziň günlerimize gelip ýeten,
dost-doganlygyň, agzybirligiň, rysgal-berekediň baýramçylygy bolan Milli bahar
baýramy ynsan kalplaryna şatlyk paýlaýar we ähli gözelligi, ynsanperwerligi,
hoşniýetliligi özünde jemleýär. Nowruz gününde adamlar birek-biregi ýazyň
gelmegi hem-de ajaýyp baýram bilen gutlap, ýylyň bereketli bolmagyny arzuw
edýärler, babadaýhanlarymyz ýagşy arzuw-niýetler bilen topraga tohum sepip,
täze hasylyň düýbüni tutmaga girişýärler. Şu zatlaryň ählisi hem Nowruzyň
halkymyzyň durmuşynda uly orny eýeleýändiginiň subutnamasy bolup durýar.
Baýramçylyk çäresiniň dowamynda şular dogrusynda buýsanç bilen gürrüň
edildi. Toý-baýramlarymyzyň uludan bellenmegi, milli däp-dessurlarymyzyň dünýä ýaýylmagy
üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly
Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyldy.
Çärede aýdym-sazly çykyşlara hem giň orun berlip, sungat ussatlarynyň
ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda, joşgunly tanslarda ajaýyp zamanamyzyň, Milli
bahar baýramynyň, bahar paslynyň, dost-doganlygyň, parahatçylygyň waspy
belentden-belent ýaňlandy.