Habarlar

Nowruz baýramy — il agzybirligiň nyşany

21.03.2026

Iki günläp göwün göteriji toý çärelerine beslenen Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň dabaralary welaýatymyzda biri-birine ulaşdy. Balkanabat şäheriniň  «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki gözel meýdançada toý ýörişi bilen badalga alan baýramçylyk dabarasy täsirli pursatlara baý boldy. Parahatçylygy, ynsanperwerligi, dost-doganlyk ýörelgelerini rowaçlandyrýan, däp-dessurlary ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Nowruz baýramy mynasybetli geçirilen dabara bu baýramçylyk bilen bagly halkymyza mahsus aýratynlyklara beslendi. Welaýat hem-de şäher häkimlikleriniň, welaýat medeniýet müdirliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň tagallalary bilen guralan dabaranyň geçýän ýerinde dikilen ak öýler, owadan halylar düşelen telärler, türkmen obasynyň durmuşyndan ýaýbaňlandyrylan görnüşler, taryhy-medeni gymmatlyklaryň, amaly-haşam sungatynyň, el işleriniň sergileri özüne çekiji boldy. Aýal-gyzlar halkymyza mahsus ümeçilik dessurlaryndan parçalary, şeýle-de dürli Nowruz tagamlarynyň taýýarlanyşyny görkezdiler. Bu pursatlar halkymyzyň Milli bahar baýramy bilen bagly kämil garaýyşlarynyň, mizemez ýörelgeleriniň mynasyp beýanyna öwrüldi.

Bezemen sahnada medeniýet we sungat ussatlarymyzyň ýaýbaňlandyran joşgunly çykyşlary baýramçylygyň çuňňur mazmuny bilen ajaýyp sazlaşyk tapdy. Şirin aýdym-sazlar Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öz halkyna peşgeş beren ajaýyp döwrüniň, bagtyýar durmuşynyň,   waspy bolup ýaňlandy. Türkmen halkyna mahsus Nowruz dessurlary bolsa folklor toparlarynyň, welaýat döwlet drama teatrynyň sahna ussatlarynyň çykyşlarynyň içinden eriş-argaç bolup geçdi.

Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň täze taryhy eýýamda mazmun taýdan has-da baýlaşýandygyny açyp görkezen şunuň ýaly täsirli çäreler Magtymguly etrabynyň bahar lybasyny geýnen gözel ýaýlasynda hem uludan tutuldy. Oňa hem welaýatymyzyň çar künjünden myhmanlar baýramçylyk ýörişi bilen geldiler. Ýokary guramaçylyga eýe bolan dabarada bagşy-sazandalaryň, estrada aýdymçylarynyň, tansçylaryň, folklor toparlarynyň, sahna ussatlarynyň täsirli çykyşlaryna giň gerim berildi. Ýaz aladalaryna ulaşan oba durmuşyny janlandyrýan pursatlar — erkana otlap ýören dowar sürüleri, owlak-guzularyň naşyja sesleri, köşejigini yzyna tirkäp, otlap ýören arwana düýeler, güjüjegi bilen oýnap ýören oglan-gyzjagazlar... ýaşyl begrese bürenen ýaýlanyň gözelligini artdyryp, dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy.

Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň hormatyna «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň belent ruhuna laýyk derejede uludan tutulan dabaralar özüniň çuňňur many-mazmuny bilen bagtyýar durmuşymyza buýsanjymyzy täze belentliklere göterdi.