Ýokary ruhubelentlige beslenen çäre
Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň çäginde ählihalk
bag ekmek dabarasynyň welaýat boýunça esasy çäresi geçirilip, oňa welaýatymyzyň
bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport we beýleki ulgamlarynyň işgärleri, jemgyýetçilik
guramalarynyň agzalary, ýaşuly nesliň wekilleri, edara-kärhanalaryň zähmet
toparlary hem-de talyp ýaşlar ýokary ruhubelentlikde gatnaşdylar. Milli Bahar
baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň dabaralary bilen utgaşykly geçirilen ählihalk
bag ekmek dabarasynda baglaryň ilkinji nahallaryny oturtmaklygyň ýaşuly nesliň
wekillerine, köp çagaly enelere, ýaş çatynjalara hem-de röwşen geljegimiziň
eýeleri bolan körpelere ynanylmagy çuň many-mazmuna eýe boldy.
Medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren döwrebap aýdym-sazlary bag nahallaryny
oturtmak üçin ýygnanan adamlara ruhy lezzet paýlady. Täsirli we şowhuny
ýaňlanan aýdym-sazlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň, «Garaşsyz,
baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň rowaç
ösüşleriniň, erkana durmuşymyzyň, tebigat gözellikleriniň waspy ýetirildi.
Dabaranyň geçýän ýerlerinde ak öýler dikilip,
sergiler giňden ýaýbaňlandyryldy. Olarda daýhançylyk gurallary, agaç
ussalarynyň ýerine ýetiren işleri, küýzegärçilik önümleriniň dürli görnüşleri
görkezildi. Ajaýyp güller, täsin ösümlikler, ýaş bag nahallarynyň dürli
görnüşleri ýurdumyzda bagy-bossanlyga öwürmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli
işleriň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Muzeý gymmatlyklaryndan, senetçilige,
amal-haşam sungatynyň el işlerine degişli önümlerden guralan sergiler hem aýratyn
many-mazmuna eýe boldy. Sportuň dürli görnüşleri boýunça guralan dürli
bäsleşikler, görkezme çykyşlary aýratyn täsirli boldy.
Ählihalk dabarasynyň dowamynda «Awaza» milli
syýahatçylyk zolagynyň golaýynda bölünip berlen 4 gektar meýdanda 10 müň düýp bag
nahaly ekildi. Şol gün tutuş welaýat boýunça bag nahallarynyň 35 müň 888 düýbi
oturdyldy. Olaryň 25 müň 165-si saýaly we pürli, 10 müň 723-si miweli baglaryň
nahallarydyr. Şeýle hem şol gün ozaldan ösüp oturan baglaryň 60 müňe golaýyna ideg işleri ýola
goýuldy.