Welaýatymyzda gowaça ekişine guramaçylykly girişildi
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasyndan ruhlanyp,
welaýatymyzyň pagtaçy daýhanlary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew
batly at-myradyň mekany» ýylynyň gowaça ekişine guramaçylykly girişdiler.
Ykbalyny ene topraga baglan babadaýhanlar üçin jogapkärli möwsümiň başlanmagy
mynasybetli welaýat häkimliginiň guramagynda «Ak pataňyz üçin sag bol,
Arkadagly Gahryman Serdarymyz!» diýen at bilen geçirilen dabaraly maslahatda
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýetiň oba
hojalygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özgertmeleriň oňyn
netijeleri dogrusynda buýsanç bilen gürrüň edildi.
Maslahatda gowaça ekişini agrotehnikanyň talaplaryna
laýyklykda ýokary guramaçylykda geçirmekde öňde durýan wezipeler barada hem durlup
geçildi. Ekişde tehnikalaryň hyzmatyndan netijeli peýdalanmak, olaryň
bökdençsiz işledilmegini gazanmak meselelerine üns çekildi. Daýhanlaryň
yhlasly, halal zähmeti üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza
hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza aýdylan hoşallyk sözleri maslahatyň tutuş
dowamynda joşgunly ýaňlandy.
Gyzylarbat
etrabynyň «Goç» daýhan birleşiginiň bereket eçilýän ekin meýdanynda gowaça
ekişiniň başlanmagy mynasybetli guralan dabara toý ruhuna beslendi. Alty ganat
ak öýleriň, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden satyn alnan häzirki zaman
oba hojalyk tehnikalarynyň owadan hatarlary, agrosenagat toplumynyň köp
görnüşli önümleriniň, taryhy-medeni gymmatlyklarymyzyň, dürli el işleriniň,
neçjarçylyk sungatynyň sergileri, döwrebap şygarlar, ümeçilik däp-dessurlaryny,
daýhan durmuşyny beýan edýän pursatlar dabaranyň mazmun baýlygyny artdyrdy.
Ajaýyp sahnada medeniýet we sungat ussatlarymyzyň giňden ýaýbaňlandyran
joşgunly çykyşlary dabaranyň şatlyk-şowhunynyň üstüni ýetirip, daýhanlarymyzy
täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Belentden ýaňlanan aýdym-sazlarda,
ýerine ýetirilen milli tanslardyr folklor çykyşlarynda Milli Liderimiziň
saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda täze
taryhy eýýamda gazanylýan bedew batly ösüşleriň, bagtyýar durmuşymyzyň, ähli
üstünliklerimiziň binýady bolan beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly senesiniň, ýer
eýeleriniň nusgalyk zähmetiniň waspy ýetirildi.
Göwünleri
galkyndyryp, ruhuňy belende göterýän toý şowhuny astynda il sylagly ýaşulular
halkymyza mahsus asylly däbe eýerip, ekişe birkemsiz taýýar edilen ene topraga
ýagşy arzuw-niýetler bilen ilkinji gowaça çigitlerini sepdiler. Soňra alyslara
ýaýylyp gidýän ekin meýdanyny gowaça ekişini köpçülikleýin dowam etdiren ýokary
öndürijilikli tehnikalaryň sazlaşykly sesleri gurşap aldy.
Ýeri gelende aýtsak, ýerleri ekişe taýýarlamakda
tehnikalaryň 125-si netijeli işledildi. Ekiş
möwsüminiň dowamynda ekiji tehnikalaryň 35-si daýhanlaryň hyzmatynda bolup, işleriň ýokary hilli we
bellenilen möhletlerde tamamlanmagyna ýardam eder. Kebşirleýjileri, abatlaýjylary we tehniki ussalary
özünde jemleýän, zerur bolan dürli serişdeler bilen üpjün edilen hyzmat ediş
toparlarynyň 19-sy möwsümiň tutuş dowamynda iş üstünde bolup, tehnikalaryň
bökdençsiz, saz işlemegine mynasyp goşantlaryny goşarlar. Munuň özi mukaddes
Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk taryhy senesiniň uludan toýlanjak «Garaşsyz, baky
Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda 13 müň gektar meýdana
gowaça ekip, ondan 16 müň tonna pagta hasylyny ýygnamagy meýilleşdirýän welaýatymyzyň
ýer eýeleriniň bu asylly maksadynyň myradyna gowuşmagyna düýpli ýardam berer.