Aýdymlar aýdyldy hoş owaz bilen
Aýdym-sazlar ynsan kalbyna ruhy lezzet paýlaýar, göwünleri ganatlandyrýar.
Ýurdumyzda aýdym-saz dünýäsinde täze zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän
bäsleşikleriň many-mazmuny ýylsaýyn artýar. Munuň şeýledigini Balkanabat
şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki ajaýyp meýdançada Türkmenistanyň
Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilen «Ýaňlan,
Diýarym! — 2026» telebäsleşiginiň welaýat tapgyry hem aýdyň subut etdi. Welaýat
häkimliginiň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň guramagynda geçirilen
bäsleşige onuň etrap-şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan ýaşlaryň 10-sy gatnaşdy.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen
bäsleşikde aýdymçy ýaşlaryň eziz Watanymyzy, täze taryhy eýýamyň beýik tutumlaryny,
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly
döwlet syýasatyny, türkmen tebigatynyň taýsyz gözelliklerini, bagtyýar durmuşymyzy
taryplap ýerine ýetiren häzirki zaman estrada aýdymlary tomaşaçylara ruhy lezzet
paýlady. Aýdym-sazyň muşdaklary yzly-yzyna çykyş eden aýdymçylaryň ussat halypa
bagşylarymyzdan miras galan halk aýdymlaryny hem şowhunly el çarpyşmalar bilen
garşyladylar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan taryhy özgerişlikleriň, güneşli
Diýarymyzyň abadançylygynyň, ata Watanymyzyň barha arşa göterilen
şan-şöhratynyň, päk söýginiň waspy bolup ýaňlanan aýdym-sazlar alyslara ýaň
saldy. Ýaş estrada aýdymçylaryň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew
batly at-myradyň mekany» ýylyny,
dost-doganlygy, asuda durmuşy wasp eden aýdymlary joşgunly ýaňlandy. Bir
söz bilen aýdylanda, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly
bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym! — 2026» telebäsleşiginiň
welaýatymyz boýunça jemleýji tapgyry ýaş zehinli aýdymçylaryň kemala
gelýändigini görkezdi.
Bäsleşikde emin agzalary ýaş
aýdymçylaryň çykyşlarynyň aýratynlyklaryna,
ýerine ýetirijilik ussatlyklaryna we sahnada özlerini alyp baryşlaryna
aýratyn üns berdiler. Şeýlelik-de, «Ýaňlan, Diýarym! — 2026» telebäsleşiginiň
welaýat tapgyrynda Etrek etrabynyň medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňi
Baýrammyrat Ýakubow hem-de Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesiniň
ýaşaýjysy, höwesjeň aýdymçy Amanmyrat Maýdyýew ýeňiji diýlip yglan edilip,
bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Bäsleşigiň
ýeňijilerine hem-de tapawutlanan zehinli aýdymçylara gymmatbahaly sowgatlar
dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.