Habarlar

Müdimi senadyr ene hüwdüsi

24.08.2026

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde yglan eden «Müdimi senadyr ene hüwdüsi» atly bäsleşiginiň Balkanabat şäher tapgyry geçirildi.

Welaýat merkezindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirilen bäsleşige gatnaşan zenanlar hüwdüleriň üsti bilen perzentleriniň sagdyn, ruhubelent, maksadaokgunly, bilimli nesiller bolup ýetişmegi üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize ene ýüreginden alkyş aýtdylar.

Bäsleşikde welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Anna Haýdarowa ýeňiji bolmagy başardy we onuň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. 7-nji orta mekdebiň mugallymy Ogulnur Güýçgeldiýewa ikinji, 25-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Bahargül Goýunlyýewa hem-de Oglanly şäherçesiniň medeniýet öýüniň tans goýujysy Bibiäşe Geldimämmedowa üçünji orunlara mynasyp boldular.