Tohumyň müňlesin, babadaýhan!
«Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň güýzlük bugdaý ekişine
welaýatymyzyň oba hojalyk toplumynyň işgärleridir zähmetsöýer gallaçy
babadaýhanlary ýokary taýýarlykly geldiler. Şu möwsümde welaýat boýunça bugdaý
ekiljek ýerleri sürmek, tekizlemek işleri guramaçylykly ýerine ýetirilip,
bugdaý ekiji tehnikalaryň ählisi öz wagtynda doly taýýarlanyp goýuldy.
Bugdaý ekişi mynasybetli
welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen maslahatda
bugdaý ekişini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýokary guramaçylykda
hem-de öz wagtynda geçirmekde, kuwwatly tehnikalary gije-gündiziň dowamynda
bökdençsiz işletmek bilen, olaryň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmakda öňde
durýan möhüm wezipeleriň üstünde durlup geçildi.
Bugdaý ekişiniň başlanmagy
mynasybetli gallaçy kärendeçiler bilen welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş
muzeýine guralan gezelenç aýratyn many-mazmuna eýe boldy. Soňra Gyzylarbat
etrabynyň D.Azady adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän «Ezber eller»
hojalyk jemgyýetiniň bereketli ekin meýdanynda bugdaý ekişine badalga berilmegi
mynasybetli ýaýbaňlandyrylan dabara gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň
bugdaý ekişine başlamaga beren ak patasyndan ruhlanyp, asylly däbe görä, il
içinde uly sylag-sarpanyň eýesi bolan ýaşulularyň «Bismillasy» bilen bugdaý ekişine
girişildi.
Dabaranyň geçýän ýerinde
guralan maslahata gatnaşyjylar welaýatymyzyň ekin meýdanlarynda ekiljek bugdaý
tohumlarynyň görnüşleri bilen tanyşdyryldy. Şu möwsümde ekin dolanyşygyna
girizilen ýerlerde bugdaýyň ozal synagdan geçen «Serdar», «Arkadag», «Pyragy»,
«Alekseýiç» we «Bezostaýa 100» ýaly görnüşleri ekiler.
Şanly ýylda welaýatymyzda 50
müň gektara azyklyk bugdaý tohumy ekilip, ondan geljek ýylyň orak möwsüminde 80
müň tonna guşgursak däne hasyly ýygnalar. Ekiş möwsüminde «Balkanobahyzmat»
önümçilik birleşiginiň garamagyndaky kuwwatly traktorlaryň 137-siniň
hyzmatyndan peýdalanylar. Gyzylarbat we Bereket etraplarynyň «Obahyzmat»
önümçilik kärhanalarynda ýörite döredilen tehniki taýdan hyzmat ediş toparlary
möwsümiň tutuş dowamynda iş üstünde bolup, bökdençligiň ýüze çykmazlygyny
gazanarlar.
Bu ýerde bugdaý ekişiniň başlanmagy
mynasybetli guralan dabara oňa gatnaşanlarda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri
galdyrdy. Belent joşgun bilen ýerine ýetirilen şirin aýdym-sazlar, milli
tanslar dabara ýygnananlaryň göwünlerini galkyndyrdy. Sahna ussatlarynyň
babadaýhanlarymyzyň gündelik iş-aladalaryndan taýýarlan çykyşlary, aýdymçylaryň
parahat Watanymyzy, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly
at-myradyň mekany» ýylyny wasp edýän aýdymlary täsirliligi bilen tapawutlandy.
Bagşylaryň belent owazly aýdym-sazlary bolsa toý meýdançasyndaky dabara özboluşly
öwüşgin çaýdy.
Çäräniň geçýän ýerinde ak
öýler dikilip, bu ýerde ýaýbaňlandyrylan el işleriniň sergisi, amaly-haşam we şekillendiriş
sungatynyň eserleri, hünärli ussalaryň elinden çykan, oba adamlarynyň zähmet
gurallary we öý-hojalyk esbaplary köpleriň uly gyzyklanmasyna eýe boldy. Galla önümleriniň
sergisi bereketli topragymyzdan önýän gallany gaýtadan işleýän senagatyň
okgunly ösüşi başdan geçirýändigini we onuň geljeginiň uludygyny ähli aýdyňlygy
bilen görkezdi. Pälwanlaryň arasynda milli göreş boýunça guralan bäsleşik
çekeleşikli boldy.
Ýurdumyzyň oba hojalygyny depginli ösdürmekde döwlet derejesinde edilýän ägirt uly aladalardan ruhlanyp, bugdaý ekişine guramaçylykly girişen welaýatymyzyň babadaýhanlary özlerine döredilip berilýän ajaýyp şertlerdir mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tükeniksiz alkyş sözlerini aýtdylar.