Türkmenistanda hanmudo söweş sungatynyň milli federasiýasynyň başlygy, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Orif Buharakow hanmudo koreý söweş sungaty boýunça 4-nji dan derejesine mynasyp boldy. Ýakynda Baton-Ruž şäherinde (Luiziana ştaty, ABŞ) ýerleşýän Hanmudo halkara federasiýasyndan Aşgabada degişli sertifikat gelip gowuşdy.
Orif Buharakowyň aýtmagyna görä, 3-nji dana çenli synaglary ol daşary ýurtlarda geçirilýän seminarlarda – hatarynda Hanmudo halkara federasiýasynyň prezidenti ýokary 10-njy danyň eýesi doktor Kimm bolan abraýly ussat-senseýleriň öňünde üstünlikli tabşyrypdyr.
Hatarynda Afrika, Ýewraziýa we Demirgazyk Amerika yklymlarynyň wekilleri bolan ygtyýarly eminler Türkmenistanly tälimçiniň wideoçykyşyny içgin öwrenip, ildeşimiziň tilsimleriň ählisini kem-köstsüz ýerine ýetirendigini ykrar edip, oňa 4-nji danly ussat-instruktor adyny dakmana netije geldiler. Degişli sertifikata Hanmudo halkara federasiýasynyň prezidenti Kimm gol çekdi.
4-nji dan onuň eýesine diňe bir dünýäniň islendik ýurdunda adamlara hanmudo öwretmäge däl, eýsem okuwçylaryň ussatlygyna baha bermäge we olara 1-nji dandan 3-nji dana çenli dereje bermäge-de mümkinçilik berýär.
Şu wagta çenli hanmudo boýunça 4-nji danly ussat-instruktor Aziýada diňe Koreýa Respublikasynda we Singapurda bardy. Indi şeýle derejeli hünärmen Türkmenistanda-da bar.
2022-nji ýylyň 15-nji iýulynda 60 ýaşaýan Orif Buharakow koreý söweş sungatynyň Türkmenistan Garaşsyzlygyny alandan soň ösdürip başlady. Ol Aşgabatda 1997-nji ýylda Adalat ministlriginde hasaba alnan Türkmenistanyň Hanmudo söweş sungaty federasiýasyny döretdi. Häzirki wagtda hanmudonyň bölümleri welaýat merkezleriniň ählisinde we Aşgabatda açyldy, olarda tälimçileriň 17-si işleýär we söweş sungatynyň bu görnüşi bilen 400-e golaý türgen meşgullanýar.
Indi Orif Buharakow 5-nji dan üçin indiki synaga taýýarlanýar. 2024-nji ýyla çenli oňa täze tilsimleriň 500-den gowragyny öwrenmäge wagt bar.