
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy
mynasybetli Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji
orta mekdepde welaýat Baş bilim müdirliginiň, Ylym we bilim işgärleriniň
kärdeşler arkalaşygynyň Balkanabat şäher geňeşiniň bilelikde guramaklarynda
«Uzyn saçly gyzlar» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi.
Orta mekdepleriň 7 — 11-nji synplarynda okaýan okuwçy
gyzlaryň arasynda gyz edebiniň gözelligini ýaýmagy, türkmen gyzlaryna mahsus
bolan saçlaryny gorap saklamagy, Magtymguly Pyragynyň «Gözel sen» diýen
goşgusynda waspy ýetirilýän gözellikleri wagyz etmegi maksat edinen bäsleşik üç
şertden ybarat boldy. Onuň şertlerine laýyklykda, gyzlar öz saçlaryny çeper
sözde wasp etdiler. Saça oňat ideg edip saklamak, onuň tarlarynyň gyrylmagynyň öňüni
almak baradaky yrymlary, aýtgylary aýtdylar. Emin agzalary tarapyndan berlen
sowallara dogry jogap berdiler. Özlerine okamak, öwrenmek üçin ähli şertleri
döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden
alkyş aýtdylar.
Bäsleşigiň jemi jemlenilende, gyzlaryň ýaş
aýratynlyklaryna görä baha berildi. Netijede, Balkanabat şäherindäki 3-nji orta
mekdebiň okuwçysy Nowça Annamämmedowa, şol şäherdäki 7-nji orta mekdebiň
okuwçysy Aýjemal Mejidowa, Türkmenbaşy şäherindäki 5-nji orta mekdebiň okuwçysy
Medine Myradowa birinji orunlara mynasyp boldular. Balkanabat şäheriniň Gumdag
şäherçesindäki 32-nji orta mekdebiň okuwçysy Gülzada Hajyýewa, Balkanabat
şäherindäki 22-nji orta mekdebiň okuwçysy Bibimerýem Gurbanowa ikinji, Etrek
etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň okuwçysy
Nurana Gylyçdurdyýewa, Gyzylarbat etrabyndaky 29-njy orta mekdebiň okuwçysy
Oguljennet Gurbangeldiýewa hem-de şol etrapdaky 16-njy orta mekdebiň okuwçysy Täzegül
Hydyrowa üçünji orunlary eýelediler.

Welaýat merkezindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda
«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi
geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde
yglan eden «Türkmen halysy — milli buýsanjymyz» atly haly we haly önümleriniň
sergi bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda
ýurdumyzda giňden belleniljek Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli hem-de
türkmen zenanlarynyň görelde mekdebine öwrülen Gahryman Arkadagymyzyň käbesi
Ogulabat ejäniň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ejesi, Türkmenistanyň at
gazanan halyçysy Ogulgerek gelnejäniň el işleriniň nusgalaryndan ugur alyp,
ýurdumyzyň çeper halyçylyk kärhanalarynda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň arasynda
geçirilen bäsleşik halkymyzyň ruhy we medeni mirasyny aýawly saklamagy we wagyz
etmegi, ýaş halyçylaryň has ökdelerini ýüze çykarmagy, olaryň bu käre bolan
höwesini artdyrmagy hem-de bu kesp-käri ýaş gyzlaryň dowam etdirmegini
gazanmagy maksat edindi.
«Syrlardan dokalan gözellik», «El bilen döredilen gudrat»
we «Gözellik dowamaty» atly şertler boýunça bäsleşen halyçylar haly we haly
önümlerinden sergi gurnadylar. Gahryman Arkadagymyzyň «Janly rowaýat», «Arşyň
nepisligi» atly kitaplaryna esaslanyp, haly sungatyna bolan buýsançlaryny beýan
etdiler. Haly önümleriniň görnüşleri we gelip çykyşlary, tebigy reňkleriň
hem-de ýüň ýüplüginiň taýýarlanylyşy barada gürrüň berdiler. Haly önümleri
bilen toý kejebesini bezediler. Ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän ajaýyp
sungaty içgin öwrenmäge, dünýä ýaýmaga we ýaş nesillere ýetirmäge giň ýollary
açan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan alkyşlaryny
gazallaryň, goşgularyň üsti bilen beýan etdiler.
Netijede, Esenguly etrabyndan halyçy Bibisoltan
Sarygulyýewa we Gyzylarbat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Oguljeren
Orazgulyýewa birinji, Esenguly etrabyndan halyçy Gülşen Berdigylyjowa we şol
etrabyň 10-njy orta mekdebiniň mugallymy Hojabibi Goçmyradowa ikinji, Bereket
çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçylary Jumagül Saparmämmedowa we Baýramsoltan
Gapurowa üçünji orunlara mynasyp boldular.
Bäsleşikde birinji we ikinji orunlary eýelän halyçylar
onuň döwlet tapgyryna gatnaşarlar.

Balkan atçylyk sport toplumynda Türkmen bedewiniň milli
baýramynyň şanyna uludan tutulan dabaralar milli gymmatlyklarymyza buýsanjyň
özboluşly subutnamasyna öwrüldi. Baýramçylyk ýörişi bilen badalga alan toý
çäreleri türkmen halkynyň dünýäniň medeni ösüşine goşan uly goşandynyň anyk
mysaly bolan behişdi bedewlerimize bolan hormat-sarpanyň nusgalykdygyny aýdyň
görkezdi. Toplumyň esasy girelgesiniň öňündäki ak öýleriň owadan hatary bilen
bezelen meýdançada welaýat, Balkanabat şäher häkimlikleriniň, welaýat medeniýet
müdirliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň tagallalary bilen guralan medeni
çäreler giňden ýaýbaňlandyryldy. Belentden ýaňlanyp, Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň beýik tutumlary, üsti şemally bedewlerimiz joşgun bilen wasp edilen
aýdym-sazlar, dutar-gyjagyň hoş owazy, milli tanslar, folklor çykyşlary,
görkezilen sahnalar dabaranyň mazmun baýlygyny artdyrdy. Milli oýunlar hem-de
sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlar baýramçylygyň täsirli
pursatlarynyň üstüni ýetirdi. Bu ýerde guralan sergide ýerleşdirilen at
esbaplaryny, bezeg şaýlaryny, atşynaslyk sungatynyň milli ýörelgelerini beýan
edýän işleri, amaly-haşam işlerini hem-de muzeý gymmatlyklaryny toý çäresine
gatnaşyjylar uly gyzyklanma bilen synladylar.
Şeýle göwün göteriji pursatlardan ruhy lezzet alan dabara
gatnaşyjylar soňra baýramçylyk at çapyşyklaryna tomaşa etdiler. Üçýaşar atlaryň
arasynda 1200 metr aralyga geçirilen birinji çapyşykda 1 minut 27 sekunt wagt
görkezip, «Nur önümçilik» söwda gurluşyk hojalyk jemgyýetine degişli Nurly
diýen gara at, üçýaşar bedewleriň arasynda ýene-de şol aralyga guralan ikinji
çapyşykda welaýat Polisiýa müdirligine degişli Albedewim diýen al at 1 minut 25
sekunt, dört we ulyýaşar atlaryň gatnaşmagynda 1800 metr aralyga geçirilen
üçünji çapyşykda welaýat agyz suw müdirligine degişli Näzli diýen al gysrak 2
minut 14 sekunt, dört we ulyýaşar atlaryň arasynda şol aralyga geçirilen
dördünji çapyşykda bolsa Röwşen Hyrryýewiň hojalygyna degişli Körpäm diýen dor
bedew 2 minut 18 sekunt wagtlary görkezip, pellehanadan birinji bolup geçmegi
başardylar.
Hormatly Prezidentimiziň baş baýragyny
almak ugrunda geçirilen bäşinji çapyşyga gatnaşan dört we ulyýaşar bedewler hem
1800 metr aralykda ýyndamlyklaryny görkezdiler. Aýratyn uly şowhuna beslenen bu
çapyşyk diýseň çekeleşikli häsiýete eýe bolup, 2 minut 13 sekuntda pellehana
gelmegi başaran welaýat Polisiýa müdirliginiň Sazanda-II diýen gara dor bedewi
baş baýragy eýelemegi başardy. Bedewiň çapyksuwaryna 50 müň manat hem-de
«Zemin» telewizory janköýerleriň al-asmana göterilen şowhunly sesleriniň
astynda dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Türkmen bedewiniň milli baýramynyň barha ýakynlaşýan günlerinde, has
takygy, geçen ýekşenbe güni Balkan atçylyk sport toplumynda «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýazky at
çapyşyk möwsüminiň nobatdaky at çapyşygy geçirildi.
Atçylyk sport toplumynyň öňündäki
baýramçylyk ruhunda bezelen ajaýyp meýdançada guralan dabaralar türkmen toýlaryna mahsus
ýokary ruhubelentlige beslendi. Giňden ýaýbaňlandyrylan dürli medeni-sport
çärelerinden, joşgunly ýaňlanan aýdym-sazlardan ruhy lezzet alan dabara
gatnaşyjylar soňra gyzykly at çapyşyklaryna uly höwes bilen tomaşa etdiler.
Ilkinji çapyşyk üçýaşar atlaryň arasynda
bolup, onda bedewler 1200 metr aralyga güýç synanyşdylar. Bu çapyşykda Perhat
Allaberdiýewiň hojalygyna degişli Mizan diýen dor ata taý tapylmady. Ol
bellenilen aralygy 1 minut 32,5 sekuntda geçmegi başardy.
Üçýaşar
bedewleriň arasynda geçirilen ikinji çapyşyk hem 1200 metr aralygy öz içine aldy.
Janköýerleriň şowhuny astynda geçen bu çapyşykda 1 minut 30,7 sekunt netije görkezen
Dorsakar diýen dor at birinji bolup pellehana gelmegi başardy. Ol
Gurbanmuhammet Germangulyýewiň hojalyk atydyr.
Üçünji çapyşyk hem 1200 mert aralyga üçýaşar atlaryň
arasynda geçirilip, diýseň gyzykly bolan bu çapyşykda Arslan Täzäýewiň Aýbike
atly bedewi öňdeligi eýelemegi başardy. Onuň görkezen wagty 1 minut 28,6
sekunda deň boldy.
Dördünji
çapyşyk dört we ulyýaşar bedewleriň arasynda geçirilip, ol 1400 metr aralygy öz
içine aldy. Bu çapyşykda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Mazmun diýen aty
pellehana 1 minut 50,5 sekuntda gelmegi başaryp, ähli
bedewlerden öňe saýlandy.
1400 metr aralyga guralan bäşinji
çapyşykda Seýitguly Tülegenowyň
Dagýyldyz atly gyr atyna taý tapylmady. Bu at bellenilen aralygy 1 minut
47 sekuntda geçdi.
1800
metr aralyga geçirilen altynjy çapyşykda Körpe atly bedew bellenilen aralygy 2
minut 22,4 sekuntda geçip, iň gowy netijäni görkezdi. Ol Seýitmuhammet Orazmuhammedowyň hojalygyna
degişlidir.
Jemleýji ýedinji çapyşyk has-da çekeleşikli
bolup, ol hem 1800 metr aralyga geçirildi. Dört we ulyýaşar atlaryň arasynda çekeleşikli
geçen ýaryşda Amanmyrat Ýazmyradowyň Ýagmyr atly aty ýaryşyň bütin dowamynda
öňdeligi elden bermedi. Ol bu çapyşykda 2 minut 18,5 sekunt netije görkezip,
birinji bolup pellehanadan geçdi.
Çapyşyklarda öňe saýlanan bedewlere serpaýlar
ýapylyp, olaryň çapyksuwarlaryna welaýatymyzyň etrap-şäher häkimlikleriniň
goýan gymmatbahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda
gowşuryldy.

Welaýat medeniýet müdirligi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler
arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan welaýat döwlet drama teatrynda
welaýatymyzyň halk teatrlarynyň we halk gurjak teatrlarynyň arasynda «Sahna
ussatlygy ynsan çyragy, müdimisiň Magtymguly Pyragy» atly bäsleşik geçirildi.
Teatrlaryň döredijilik işini has-da kämilleşdirmek, olarda sahnalaşdyrylýan
oýunlaryň halkymyzyň milli ruhuna mahsus, döwrebap mazmuna eýe bolmagyny
gazanmak, şeýle-de sungat işgärlerini döredijilik üstünliklerine
höweslendirmek, ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bäsleşik
ýokary ruhubelentlige beslendi. Onuň şertlerine laýyklykda, artistler Gahryman
Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
eserleri esasynda sahnalaşdyrylan, şeýle-de Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan üstünlikleri, milli medeniýetimiziň
gymmatlyklaryny wasp edýän hem-de akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň
keşbini janlandyrýan sahna oýunlary bilen çykyş etdiler.
Bäsleşikde halk teatrlarynyň arasynda Bereket etrap medeniýet bölüminiň
halk teatry birinji orna, Magtymguly etrap medeniýet bölüminiň halk teatry
ikinji orna, Balkanabat şäher medeniýet bölüminiň Hazar şäherçesiniň «Döwürdeş»
halk teatry üçünji orna mynasyp boldular. Gurjak teatrlarynyň arasynda bolsa
Magtymguly etrap medeniýet bölüminiň halk gurjak teatry birinji, Türkmenbaşy
şäher medeniýet bölüminiň «Ýartygulak» halk gurjak teatry ikinji orunlary
eýlediler.
Bäsleşigiň ýeňijilerine sowgatlar, şeýle-de tapawutlanan döredijilik
işgärlerine höweslendiriji baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.