Täze elektrik bekedi
3-nji noýabrda — Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň hünär baýramynyň giňden
bellenilýän gününde Etrek etrabynda täze elektrik bekediniň açylyş dabarasy
boldy. Dabara Mejlisiň deputatlary, welaýat we etrap häkimlikleriniň, elektroenergetika
pudagynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, hormatly
ýaşulular gatnaşdylar. Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly
çykyşlary dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň elektroenergetika
pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we
ygtybarly energetika ulgamyny döretmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa
geçirilýär. Dünýäniň belli önüm öndürijileriniň öňdebaryjy enjamlary bilen
üpjün edilen, güýjenmesi 220 kilowat «Etrek» elektrik bekediniň gurlup ulanmaga
berilmegi hem munuň nobatdaky güwäsidir. Bu elektrik bekediniň gurluşygynda
ekologik talaplaryň berjaý edilmegine möhüm ähmiýet berildi. Energetika
toplumynda sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirmek bilen,
Türkmenistan ekologiýa, daşky gurşawy goramak meselelerine jogapkärçilikli,
ylmy esasda çemeleşýändigini görkezýär. Hut şonuň üçin-de hormatly
Prezidentimiziň durmuş-ykdysady özgertmeler maksatnamalarynda degişli ugurdaky
talaplara doly laýyk gelýän serişde tygşytlaýjy, ekologik taýdan arassa
tehnologiýalary we ýokary netijeli enjamlary işjeň ornaşdyrmak baş wezipeleriň
biri hökmünde kesgitlenendir.
Dabaradaky çykyşlarda bellenilişi ýaly, elektroenergetika syýasatyny
üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Energetika ministrligi tarapyndan
wajyp taslamalar amala aşyrylýar. Soňky ýyllarda pudakda ýaýbaňlandyrylan
özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň sarp edijileriniň elektrik energiýasyna
bolan isleglerini doly kanagatlandyrmaga şert döredýän ygtybarly energetika
kuwwatlyklary döredildi. Bu bolsa türkmen elektrik energiýasynyň daşary
ýurtlara eksport edilýän möçberini artdyrmaga hem mümkinçilik berýär.
Açylyş dabarasynyň dowamynda täze desganyň gurluşygynda tapawutlanan
gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy.
Dabara gatnaşyjylar elektroenergetika pudagyny ösdürmäge berýän yzygiderli
ünsi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs
ýürekden hoşallyk bildirdiler.