Hormatly
Prezidentimiziň 13-nji fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin
mejlisinde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan —
bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli atçylyk
we atly sport ugurlary boýunça çäreleriň Maksatnamasynyň işlenip
taýýarlanandygyny aýdyp, bu ugurda degişli resminama gol çekmegi aýratyn
ähmiýete eýe boldy. Munuň özi şanly ýylyň ilkinji aýynda Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk
sungaty festiwalynda sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin «Galkynyş» milli at
üstündäki oýunlar toparyna Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk
assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagynyň şanyna Balkanabat
şäherinde geçirilen dabaraly çäreleriň ýokary guramaçylygynyň gözbaşyna
öwrüldi.
Hakyky türkmen
toýlaryna mahsus şatlyk-şowhuna, ruhubelentlige beslenen dabaraly çäreler
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň welaýat Taryhy we
ülkäni öwreniş muzeýiniň öňünde milli däp-dessurlarymyza laýyklykda duz-çörek
bilen garşylanmagy arkaly badalga aldy. Bu ýerde joşgunly aýdym-sazlar
belentden ýaňlanyp, dabaranyň şowhunyny artdyran medeni çykyşlarda Gahryman
Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik özgertmeleriniň, behişdi
ahalteke bedewleriniň, şanly ýylyň beýik tutumlary taryplandy. Halkymyzyň ýagşy
yrym-ýörelgesine eýerilip, «Galkynyş» toparyna dagdan agajyndan ýasalan nalyň
gowşurylmagy aýratyn ýatda galyjy boldy. Şeýle-de, toparyň agzalary bu ýerde
ýaýbaňlandyrylan milli atçylyk sungatyna, amaly-haşam, el işlerine degişli
sergini synlap, çäksiz ruhy lezzet aldylar.
Şunuň ýaly
täsirli çärelerden soňra toparyň agzalary asman atlaryna deňelen ahalteke
bedewlerine atlanyp, şäheriň döwrebap şaýoly boýunça guran toý ýörişi arkaly
«Türkmeniň ak öýi» binasyna tarap ugur aldylar. Ýörişiň dowamynda şöhraty ýedi
yklyma dolan toparyň agzalaryny şaýoluň ikiýan gyrasyny dolduran toý mähellesi
alkyşly sözler, şowhunly el çarpyşmalar bilen mübäreklediler. Toý ýörişiniň dowamynda
guralan medeni çäreler dabaraly ýörişiň şowhunyny has-da artdyrdy. Welaýatymyzyň
döredijilik tans toparlarynyň gelin edinmek dessuryndan görkezen parçalary, sungat
ussatlarynyň edebi-sazly kompozisiýalary hemmelerde ýakymly duýgulary döretdi.
«Türkmeniň ak
öýi» binasynyň öňünde ýaýbaňlandyrylan medeni çykyşlar dabaraly çäreleriň
mazmun baýlygynyň üstüni ýetirip, halkymyzyň gamyşgulak bedewlerimize bolan
çäksiz buýsanjynyň, türkmen bedewleriniň dünýä dolan şan-şöhratyny öňküdenem
belende göterýän Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize bolan egsilmez
alkyş sözleriniň mynasyp beýanyna öwrüldi. Ýürekleriň töründen çykýan şeýle
hoşallyk sözleri «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ajaýyp sahnasynda dowam eden buýsançly
çykyşlaryň, belent heňlerde ýaňlanan aýdym-sazlaryň, ýerine ýetirilen
küştdepdidir gazallaryň içinden hem eriş-argaç bolup geçdi. Çykyşlaryň çuňňur mazmunynda
beýan edilişi ýaly, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanýan
üstünlikleri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen
halkynyň milli guwanjy, buýsanjy bolup durýan ahalteke bedewlerine bolan
nusgalyk söýgi-sarpasynyň miwesidir. Şeýle hormat-sarpa bedewlerimiziň
şan-şöhratyny belende göterip, «Galkynyşy» täze üstünliklere ruhlandyrýar.
Dabarada «Galkynyş»
toparynyň täsirli çykyşlaryna orun berilmegi aýratyn ýatda galyjy boldy.
Toparyň agzalarynyň çapyp barýan bedewleriň üstünde ussatlyk bilen ýerine
ýetirýän oýunlary, çalasyn hereketleri hemmeleri haýran galdyrdy. Olaryň
çykyşlary dowamly ýaňlanan el çarpyşmalar bilen garşylandy. Sungat ussatlarynyň
bedewlere atlanyp, ýerine ýetiren şirin aýdymlary dabaranyň täsirli
pursatlarynyň üstüni ýetirdi.
«Garaşsyz,
baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna bezeg berýän
çuň mazmunly çäreleriniň hatarynda mynasyp orun alan dabaraly çäreler
welaýatymyzyň ilatynyň Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň döwletli tutumlaryna bolan ýürek buýsanjyny ýene bir ýola
tassyklady.
Dabaralar tamamlanandan soňra, Balkanabat şäherindäki
«Türkmeniň ak öýi» binasynyň köpçülikleýin dabaralar geçirilýän ýerinde toý
sadakasy berildi.
Türkmenistanyň
Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler
arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Hünärim bar, hormatym
bar» atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyry paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň
merkezinde geçirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň nusgalyk
sungatyndan görelde alyp, el hünäriniň mynasyp dowam etdirilmegine goşant
goşmak maksady bilen, dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän çeper elli
zenanlaryň arasynda guralan bäsleşik üç şertden ybarat bolup, birinji şertde oňa
gatnaşyjylar ýurdumyzyň ösüşleri, zenan mertebesi, milli mirasymyzyň, sungatymyzyň
sarpasy barada buýsanç bilen söhbet etdiler. 30 minutyň dowamynda gyzjagazlar
üçin niýetlenen köýnegi biçip hem tikip görkezmekden ybarat bolan ikinji şert
has-da täsirli boldy. Bu şertde bäsleşige gatnaşyjylar milli lybaslarymyz,
olara salynýan nagyşlaryň manysy, köýneklik matanyň saýlanyp alnyşy barada hem gürrüň
berdiler. Üçünji şertde bäsleşige gatnaşyjylar öz tiken eşikleriniň esasynda
döwrebap milli lybaslarymyzyň görkezilişini gurap, olary çeper wasp etdiler.
Şeýlelikde, «Hünärim bar, hormatym bar» atly
bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda baş baýraga welaýatymyzyň ezber elli zenanlary
mynasyp bolmagy başardylar. Birinji orny Mary welaýatynyň, ikinji orny Aşgabat,
Arkadag şäherleriniň, üçünji orny Ahal, Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň
gelin-gyzlary eýelediler.
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden
«Hünärim bar — hormatym bar» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry Balkanabat
şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirildi.
Amaly-haşam sungatynyň nusgalaryndan ugur alyp,
tutanýerli zähmet çekýän we tikinçilik bilen meşgullanýan, el işlerini ýerine
ýetirmekde, milli lybaslary biçip-tikmekde görelde görkezýän tikinçi zenanlaryň
arasynda yglan edilen bäsleşige onuň deslapky tapgyrlarynda öňe saýlanan
gelin-gyzlar gatnaşdylar. Zenanlaryň ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän
tikinçilik sungatyna bolan yhlas-başarnyklaryny açyp görkezmegi, olaryň hünär
ussatlygyny kämilleşdirmegi, zähmet öndürijiligini artdyrmagy, Watanymyza,
halkymyza, Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize bolan belent söýgi-buýsanjyny,
ýaş nesillere görkezýän göreldesini wagyz etmegi maksat edinen bäsleşik üç
şertden ybarat boldy.
Bäsleşige gatnaşan zenanlar şertlere laýyklykda, öz el
hünärlerini ýaş gyzlara öwretmekde alyp barýan işlerini, tikýän milli
lybaslarynyň aýratynlyklaryny gürrüň berdiler. Bellenilen wagtyň dowamynda
gyzjagazlara köýnek biçip-tikdiler. Milli lybaslary taýýarlaýyşlary
we olara salan gadymy nagyşlaryndaky syrly şekiller barada çeper söz bilen
beýan etdiler. «Elimden çykan egnime ýarar» diýlen aýtgydan ugur alyp,
keşdelän lybaslaryny geýnip, goşgularda, gazallarda tarypladylar.
Netijede, Balkanabat
şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň
mugallymy Oguljeren Rejebowa, Esenguly etrabyndaky 6-njy orta mekdebiň
mugallymy Gülzar Baýramowa we Bereket etrabyndaky 19-njy orta mekdebiň
mugallymy Nurjemal Täçmämmedowa birinji orunlara mynasyp bolup, olar bu
bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Bäsleşige
gatnaşanlaryň ählisine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat
birleşmesiniň sowgatlary gowşuryldy.
Welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň
welaýat bölüminiň hasabat ýygnagy geçirildi. Oňa Zenanlar birleşiginiň welaýat
bölüminiň geňeş agzalary, ilkinji zenanlar guramalarynyň başlyklary we işjeň
agzalary, mährem eneler we ýaşlar gatnaşdylar.
«Zenan mähek daşydyr» diýen pähime eýeren pederlerimiz zenan mertebesini
hemişe gorap gezipdirler, aýal-gyzlaryň jemgyýetde tutýan ornuna ýokary baha
beripdirler. Bu asylly ýörelge häzirki wagtda döwrebap many-mazmun bilen
baýlaşdyrylyp, dowam etdirilýär. Zenanlara mukaddes öý-ojagyň synmaz sütüni,
ahlak gözelliginiň ajaýyp nusgasy hökmünde uly hormat-sarpa goýulýar.
Ýurdumyzda ähli ugurlarda gazanylýan ajaýyp üstünliklere zenanlar saldamly
goşantlaryny goşýarlar, kabul edilýän maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegi üçin
tutanýerli zähmet çekýärler, jemgyýetiň agzybirligini berkitmekde, sagdynlygyny
goramakda, beden we ruhy taýdan sagdyn nesli terbiýeläp ýetişdirmekde nusgalyk
görelde görkezýärler.
Hasabat ýygnagynyň dowamynda edilen çykyşlarda şular barada aýdyldy.
Şeýle-de geçen ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işlere seljerme berildi. «Garaşsyz,
baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda öňde durýan
wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Zenanlara uly hormat-sarpa goýýan, olaryň
ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da ýokarlanmagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän
Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdyldy.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Türkmenistanyň Kärdeşler
arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň «Daýanç» sagaldyş merkezinde Türkmenistanyň
Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de welaýat bölüminiň birleşen
tagallasy bilen okuw maslahaty geçirildi.
«Bedew batly zamananyň bagtyýar zenanlary» ady bilen geçirilen okuw
maslahaty bäş günläp dowam etdi. Oňa Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň
Merkezi geňeşiniň we welaýat bölüminiň geňeş agzalary, ilkinji zenanlar guramalarynyň
başlyklary we agzalary, welaýat halk maslahatynyň agzalary, hukuk goraýjy
edaralaryň işgärleri we mährem eneler gatnaşdylar.
Okuw maslahatynyň maksady Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň işini
kämilleşdirmekden, ösdürmekden we döwrebaplaşdyrmakdan ybarat bolup, onuň
çäklerinde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport
toplumynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň
mekany» ýyly mynasybetli aýdym-sazly dabaraly maslahat, şeýle-de dürli ýerlerde
«Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek
ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek», «Zenanlar — Zeminiň zynaty» atly
maslahatlar, söhbetdeşlikler geçirildi. Türkmen gelin-gyzlarynyň el işleriniň,
amaly-haşam sungatynyň sergileri guraldy. Okuw maslahatynyň tutuş dowamynda
geçirilen şeýle çärelerdir sergilerde, tegelek stoluň başyndaky
söhbetdeşliklerde zenanlaryň jemgyýetde tutýan ornunyň ýokarydygy barada buýsanç
bilen adyldy. Şeýle-de zenanlaryň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine
mynasyp goşant goşýandyklary, ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde, medeniýeti
we sungaty, ylym-bilimi, telekeçiligi ösdürmekde halal zähmetiň nusgasyny
görkezýändikleri bellenildi. Zenanlaryň mümkinçiliklerini ösdürmek bolsa,
döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar.
Ajaýyp döwrümiziň
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda
hem Gahryman Arkadagymyzyň we döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen
ata Watanymyz täze ösüşlere badalga aldy. Bagtyýar zenanlarymyzam döwrümiziň
bezegi bolup, eşretli durmuşyň hözirini görýärler we döredýän
şert-mümkinçilikleri üçin Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize tüýs
ýürekden alkyş aýdýarlar. Okuw maslahatynyň tutuş dowamynda şular dogrusynda
giňişleýin bellenildi. Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza
alkyşlar dilleriň senasyna öwrüldi.