Ajaýyp
zamanamyzyň häzirki nurana günleri kalplary şatlyga, buýsanja besleýän ajaýyp
pursatlara baýlygy bilen tapawutlanýar. Watan goragçylarynyň güni mynasybetli
Esenguly etrap merkezinde etrap prokuraturasynyň täze edara binasynyň dabaraly
ýagdaýda ulanmaga berilmegi hem munuň aýdyň subutnamasy boldy.
Iki gatdan ybarat täze binanyň açylyş dabarasy
uludan tutuldy. Oňa Türkmenistanyň
Baş prokuraturasynyň jogapkär işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary,
welaýat, etrap häkimlikleriniň, syýasy
partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, harby we hukuk goraýjy
edaralaryň işgärleri, il sylagly ýaşulular gatnaşdylar.
Dabarada çykyş edenler ýurdumyzyň obalaryny, şäherçelerini, şäherlerini gözel
görnüşe getirmek, dürli ulgamda zähmet çekýän hünärmenleriň iş şertlerini
has-da gowulandyrmak barada edýän irginsiz aladalary üçin türkmen halkynyň
Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman
Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.
Açylyş dabarasynda medeni çärelere giň
orun berlip, medeniýet we sungat ussatlary çykyş etdiler. Olaryň joşgunly
çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň
bedew badyndaky ösüşleri, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan dünýä nusgalyk beýik
işleri, bagtyýar durmuşymyz özüniň aýdyň beýanyny tapdy.
Esenguly
etrap merkeziniň binagärlik we şähergurluşyk görküni has-da baýlaşdyran bu binany
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Rysgally
zähmet» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary ýokary hil ülňülerine laýyk gurmagy
başarypdyrlar. Uludan tutulan dabaranyň dowamynda bu binanyň gurluşygynda
zähmet çeken ussat gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly
ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Ýaşuly
nesliň ak patasy bilen toý bagy kesilenden soň, dabara ýygnananlar Esenguly etrap prokuraturasynyň täze
edara binasynyň içine aýlanyp, bu
ýerde döredilen döwrebap amatlyklar bilen içgin tanyşdylar
Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Etrek
etrap merkezinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Balkan welaýat
gümrükhanasynyň «Altyn asyr» gümrük nokadynyň
işgärlerine niýetlenen dört gatly,
2 we 3 otagly, 24 öýli ýaşaýyş jaýy hem dabaraly
ýagdaýda ulanmaga berildi.
Täze ýaşaýyş jaýynyň açylyş
dabarasynda çykyş edenler onuň gurluşygynyň häzirki zaman binagärliginiň iň
öňdebaryjy talaplaryna laýyk gelýändigini,
ähli amatlyklary özünde jemleýändigini buýsanç bilen bellediler. Çykyşlarda
aýratyn nygtalyşy ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyz halkymyzyň mynasyp ýaşaýyş-durmuşyny üpjün
etmekde taýsyz tagallalary edýär. Bu durmuş hakykaty Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe barha giň
gerime eýe bolýan medeni-durmuş maksatly binalaryň depginli dowam edýän
gurluşyklarynda özüniň aýdyň beýanyny tapýar.
Dabaranyň dowamynda
medeniýet we sungat ussatlarynyň
ýerine ýetiren döwrebap aýdym-sazlary, joşgunly çykyşlary oňa gatnaşanlara ruhy lezzet
paýlady.
Täze ýaşaýyş jaýynyň
gurluşygyny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň
agzasy bolan «Gurat gurluşyk» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary alyp bardylar. Açylyş
dabarasynda onuň gurluşygynda tapawutlanyp zähmet çeken gurluşykçylaryň
birnäçesine hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly sowgatlar we öý
eýelerine bolsa jaýlaryň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Täze jaýlarda
ýaşamak bagtyna eýe bolan gümrük işgärleri özleri barada, halkymyz hakynda
edýän bimöçber aladalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň
guramagynda welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen dabaraly maslahat
şu ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany»
diýlip atlandyrylmagyna bagyşlandy. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary,
jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, nebitgaz
ulgamlarynyň işgärleri, mährem eneler, edara-kärhanalardaky ilkinji zenanlar
guramalarynyň işjeň agzalary we talyp gyzlar gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35
ýyllyk baýramynyň dabaraly belleniljek ýyly Türkmenistanyň Mejlisiniň karary
bilen «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany»
ýyly diýlip yglan edildi. Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna Täze ýyl
Gutlagynda: «Hoşniýetli arzuw-umytlar bilen garşy alýan täze ýylymyzda mukaddes
Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyny belläp geçeris. Watanymyzy bagtyýarlygyň
we rowaçlygyň mekanyna öwürmek ugrunda yhlas bilen zähmet çekeris» diýip
belleýşi ýaly, üstümizdäki ýyl hem ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki
abraý-mertebesini, şan-şöhratyny has-da artdyrjak ençeme taryhy wakalara
beslener, halkymyzyň yhlasly zähmetiniň netijesinde ähli ugurlarda ýokary
görkezijiler gazanylar. Çünki behişdi bedewler rowaçlygyň, rysgal-bereketiň,
ösüşleriň nyşany bolup durýar.
Maslahatda çykyş edenler şular dogrusynda giňişleýin
gürrüň edip, döwlet Baştutanymyzyň Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, il-günümiziň
ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagynyň hatyrasyna alyp barýan beýik
işlerine mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar. Ata Watanymyzyň bedew
bady bilen gülläp ösmegi, halkymyzyň nurana geljegi babatda taýsyz tagallalary
edýän Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, belent
başlarynyň aman, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Soňra sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna giň orun berildi. Ýerine ýetirilen şirin owazly aýdym-sazlarda Watanymyzyň, döwrümiziň, ýylymyzyň şygarynyň waspy belentden ýaňlandy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladasy bilen welaýat
häkimliginiň jemagat hojalygy
birleşiginiň düzümleri üçin
satyn alnan jemagat hyzmatlaryny ýerine ýetirmeklige ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň
hem-de tehnikalaryň gelip gowuşmagy jemagat hojalygynyň işgärleriniň durmuşynda
şatlykly waka boldy. Şu
mynasybetli welaýatymyzda geçirilen dabaralar oňa gatnaşanlarda ýatdan çykmajak
duýgulary döretdi.
Awaza etrap jemagat hojalygy müdirliginde geçirilen dabara
welaýat, etrap, şäher häkimlikleriniň jogapkär işgärleri, Türkmenistanyň
Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly
ýaşulular, mährem eneler gatnaşdylar. Bu ýerde täze awtoulaglar we tehnikalar
türkmen halkynyň milli däplerine laýyklykda, ak un sepilip, üzärlik tütedilip
garşy alyndy.
Jemagat hyzmatlaryny ýerine
ýetirmeklige ýöriteleşdirilen awtoulaglar we tehnikalar mukaddes
Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramçylygynyň dabaraly belleniljek ýylynda welaýatymyzyň etraplarydyr şäherlerinde amala aşyryljak arassaçylyk
we abadanlaşdyryş işleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin örän zerurdyr.
Şonuň üçin-de dabarada çykyş edenler bular barada buýsanç bilen gürrüň etdiler.
Gelip gowşan döwrebap tehnikalaryň
aýratynlyklaryny belläp geçdiler. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde
jemagat hojalygynyň düzümleri üçin ýurdumyza getirilen täze, döwrebap
tehnikalaryň hatarynda zeý suwuny sorujy,
ýokary basyşda lagym ulgamlaryny arassalaýjy awtoulaglar,
süpüriji-ýuwujy, zir-zibil ýükleýän, konteýnerli zir-zibil daşaýan, ýol germew
we barýer ýuwýan ýöriteleşdirilen awtoulaglar, ýol ýuwujy-süpüriji kiçi
maşynlar, agaç owradyjy, ýük göteriji, suw daşaýjy, ýol ýuwujy, göteriji
enjamly kiçi ýol ýuwujy awtoulaglar we beýleki dürli işleri ýerine ýetirýän
tehnikalar we goşmaça enjamlar bar. Hytaý Halk Respublikasynyň «Zoomlion»,
«Dongfeng» we «Infore Enviro» kompaniýalarynyň önümleri bolan döwrebap
tehnikalar ilatly ýerlerde arassaçylyk we abadanlaşdyryş işlerini netijeli alyp
barmaga giň mümkinçilikleri berýär.
Dabarada «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew
batly at-myradyň mekany» ýylynyň ilkinji günlerinde gelip gowşan ýöriteleşdirilen
awtoulaglar we tehnikalar üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de
Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk we alkyş sözleri öwran-öwran
dile getirildi.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda
bilim ulgamyny kämilleşdirmekde, onuň hil taýdan dünýä ülňülerine laýyk
bolmagyny gazanmakda düýpli işler alnyp barylýar. Munuň oňyn netijeleri 2025 — 2026-njy
okuw ýylynyň birinji ýarymynyň jemlenmegi we ikinji ýarymynda öňde durýan
wezipeler mynasybetli geçirilen usuly-amaly okuwlarda, bilim işgärleriniň
maslahatlarynda aýdyň ýüze çykdy.
Bilim işgärleriniň arasynda birnäçe gün dowam eden
usuly-amaly okuwlarda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyndan»,
«Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini
kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipeleri
üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bagly sapaklar guralyp, çykyşlar diňlenildi
hem-de özara pikir alşyldy.
Balkanabat şäherindäki iňlis dili dersine
ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdepde «Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa
terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr» diýen şygar astynda maslahat geçirildi.
Şäheriň bilim işgärleriniň maslahatynyň geçýän ýerinde guralan sergi hemmelerde
uly gyzyklanma döretdi.
Maslahatda okuw ýylynyň birinji ýarymynda bilim-terbiýe ojaklarynda
ýaşlara döwrebap bilim bermekde, olary milli ruhda terbiýelemekde, kämil
hünäriň eýeleri edip ýetişdirmekde alnyp barlan işlere seljerme berildi. Sanly
bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini, tebigy we takyk ylmy ugurlara
degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň usullaryny baýlaşdyrmakda öňde
durýan wezipelere üns çekildi. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk senesiniň
giňden dabaralanjak «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly
at-myradyň mekany» ýylynda bilim işgärlerine täze üstünlikler arzuw edildi. Türkmen
halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman
Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözleri aýdyldy.
Welaýat merkezi Balkanabat şäherindäki Baş baýdak meýdançasynda
geçirilen çäre täze, «Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at
myradyň mekany» diýip atlandyrylan 2026-njy ýyly mynasyp garşylamaga bagyşlanan
dabaralaryň üstüni ýetirdi. Ir säher bilen welaýat we şäher häkimlikleriniň,
edara-kärhanalaryň işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň,
kümüş saçly eneleriň hem-de ýaşulularyň, ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen çäre
Döwlet senamyzyň belentden ýaňlanyp, mukaddes ýaşyl Tugumyzyň ýokary
galdyrylmagy bilen başlandy. Ruhubelentlige beslenen baýramçylyk dabarasynda buýsançly
çykyşlara uly orun berildi. Olarda bellenilişi ýaly, geçen ýylda halkymyzyň
ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulanmagyna gönükdirlen belent maksatlar,
ýurdumyzy gülledip ösdürmege gönükdirilen taryhy tutumlar rowaçlyklara
beslendi. Bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan
ýurdumyzda halkymyzyň eşretli durmuşy üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman
Arkadagymyza, Arkadagky Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.
Şeýle buýsançly çykyşlaryň dowamy baky Bitaraplygymyzy, täze
taryhy eýýamyň beýik tutumlaryny wasp edýän aýdym-sazlara, joşgunly tanslara ulaşdy.
Welaýatymyzyň sungat ussatlary ata-Watanymyzyň ösüşlerini, hormatly
Prezidentimiziň alyp barýan beýik işlerini, gözel Diýarymyzy wasp etdiler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni, dost-doganlygy, eşretli
durmuşymyzy wasp edýän döwrebap aýdym-sazlar alyslara ýaň saldy. Medeni
çykyşlaryň dowamynda asuda asmanymyzy ak kepderiler, dürli reňkli şarlar
bezedi.