Habarlar
22.03.2023

Gyzylarbat etrabynyň çäginde — Garagum derýasynyň 1006-njy kilometrliginde täze suw sazlaýjy-böwetleýji desga dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berlip, ol welaýatymyzyň oba hojalyk pudagynyň işgärleriniň durmuşynda möhüm wakalaryň biri boldy.   

          Täze desganyň açylyş dabarasyna welaýat, etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylarydyr degişli hünärmenleri, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de ýaşuly nesliň wekilleri, ýurdumyzyň suw hojalyk ulgamynyň işgärleri, bagtyýar ýaşlar, ekerançylar, medeniýet we sungat ussatlary, ýerli ýaşaýjylar ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Bu ýerde dikilen ak öýleriň öňünde giňden ýaýbaňlandyrylan sergiler dabara ýygnananlaryň üns merkezinde boldy. Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzda ähli ulgamlarda gazanylýan dünýä nusgalyk ösüşler, bagtyýar ýaşaýşymyz, dirilik çeşmesi bolan suwuň waspy öz mynasyp beýanyny tapdy.                                           

         Geçirijiligi sekuntda 68,2 kub metr bolan suw sazlaýjy-böwetleýji desganyň welaýatymyzyň Garagum derýasynyň boýunda ekin dolanyşygyna girizilen ekin meýdanlaryny suw bilen kadaly üpjün etmekde uly ähmiýeti bolar.

         Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň «Türkmensuwylmytaslama» instituty tarapyndan taýýarlanan taslamada amala aşyrylmaly ähli işler göz öňünde tutulypdyr. Ýurdumyzyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň «Suw ulgamlaryny we desgalaryny gurmak» boýunça merkezi direksiýasynyň buýurmasy esasynda bu möhüm desganyň gurluşygyny Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň hünärmenleri bildirilýän talaplara laýyk amala aşyrmagy başardylar.

Täze desganyň gurluşygynda göreldeli zähmet çeken gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy. Dabara gatnaşanlar bu ýerde bag nahallaryny oturtdylar. 

16.03.2023

Welaýat döwlet drama teatrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 2 — 4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlarynyň arasynda yglan eden «Iň eýjejik gyzjagaz» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirilip, ol şatlyk-şowhuna beslendi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar nesilleriniň sagdyn ösüp-ulalmaklaryny, döwrebap bilim almaklaryny we olarda sungata bolan söýgi-buýsanjyň artmagyny, ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn kämil adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmagy, bu ugurda alnyp barylýan işleri wagyz etmegi maksat edinen bäsleşige onuň etrap-şäher tapgyrlarynda tapawutlanan gyzjagazlar gatnaşdylar. Üç şertden ybarat bolan bäsleşikde oňa gatnaşyjylar şirin owazly aýdym-sazlarda ata Watanymyzyň, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleriniň, bagtyýar çagalygyň, sportuň, dost-doganlygyň, ajaýyp bahar paslynyň waspyny ýetirdiler. Şahyrana sözlerde öz geýen milli egin-eşikleriniň, dakynan şaý-sepleriniň gözelligini, nepisligini taryp etdiler, ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän el işlerini ýerine ýetirmekde ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Şatlyk-şowhunly geçen bäsleşigiň netijesi boýunça Balkanabat şäherindäki 5-nji orta mekdebiň okuwçysy Zübeýda Hajyýewa birinji, Gyzylarbat etrabyndaky 27-nji orta mekdebiň okuwçysy Melek Garmämmedowa ikinji orunlara mynasyp boldular we bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

09.03.2023

Halkara zenanlar gününiň dabaraly çäreleri bir-birine ulaşdy. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň dakylmagy hem-de onuň nyşanynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy çuň mazmunly baýramçylyk çäreleriniň möhüm bölegine öwrüldi. Welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen dabara egsilmez şatlyk-şowhuna beslendi. Onda giň gerim berlen gutlag çykyşlarynda nygtalyşy ýaly, maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy nesilden-nesle geçirip gelýän zenanlarymyza goýulýan hormat-sarpa täze taryhy eýýamyň demokratik ýörelgeleri bilen berk baglanyşyklydyr.

Dabarada mährem zenanlara goýulýan çäksiz hormat-sarpa, olar barada döwlet derejesinde edilýän aladalar üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan alkyş sözleri aýdyldy. Şeýle-de dabaranyň barşynda «Ene mähri» diýen ada eýe bolan köp çagaly enelere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly sowgatlar şowhunly el çarpyşmalar astynda gowşuryldy. Welaýatymyzyň belli halk we estrada aýdymçylarynyň, tans we folklor toparlarynyň joşgunly çykyşlarynda eneleriň mähremligi, gelin-gyzlaryň gözelligi, wepadarlygy, bahar paslynyň owadanlygy wasp edildi.

Baýramçylyk şowhuny soňra köp çagaly enelere ähli amatlyklary bolan täze öýleriň açarlaryny gowşurmak dabarasy bilen dowam etdi. Welaýat merkeziniň gözel künjeginde ýerleşýän döwrebap ýaşaýyş jaýynyň öňünde tutulan dabara aýdym-saza beslenip, gutlag çykyşlaryna uly orun berildi. Şowhunly baýramçylyk dabarasynyň dowamynda Arkadagly Serdarymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, köp çagaly maşgalalara öýleriň açarlary gowşuryldy. Döwrebap öýleriň açarlaryny ýüzlerine sylan öý eýeleri Şa serpaýy üçin hormatly Prezidentimize alkyş aýtdylar.

02.03.2023

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen döredilen «Türkmen kaolin» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň welaýat merkezi Balkanabat şäheriniň golaýynda täze önümhanasy işläp başlady. Kaolin önümhanasynda düýpli abatlaýyş-bejeriş işleri geçirilip, onuň durky doly täzelendi. Ýyllyk taslama kuwwatlylygy ýokary hilli, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän önümleriň 20 müň tonnasyny öndürmäge barabar bolan kaolin önümhanasy döwrebap enjamlar hem-de tehnologiýalar bilen üpjün edildi.   

Mälim bolşy ýaly, kaolin magdany dag jynslarynyň dargamagy netijesinde emele gelýär. Onuň düzüminde kwarsyň, demriň we titanyň oksidleriniň dänejikleri saklanýar. Täze kaolin önümhanasy üçin çig mal serişdesi Türkmenbaşy etrabynyň Gyzylgaýa şäherçesiniň golaýyndan gazylyp alynýar. Önümhanada öndürilýän önüm eýýäm içerki bazaryň sarp edijilerine ugradylyp başlandy we ony geljekde daşary ýurtlara ibermek hem göz öňünde tutulýar.

Kaolin ak sementi, elektrotehniki izolýatorlary, kosmetika we parfýumeriýa önümlerini öndürmekde, farfor gap-gaçlaryň, kagyz, karton, rezin, boýag, şeýle hem arassaçylyk serişdeleriniň (sabynyň, diş pastasynyň, şampunlaryň) önümçiliginde, plastmassadan ýasalýan önümlere dolduryjy maddalar hökmünde giňden peýdalanylýar.

23.02.2023

Welaýat döwlet drama teatrynyň topary ýakynda çagalar üçin täze döreden sahna oýnuny görkezdi. Ýaýlym Garaýewiň «Kejir kürre» atly eseri esasynda teatryň ýokary derejeli artisti Arslan Hojagurbanowyň sahnalaşdyran oýnunyň dowamynda döwrebap sazlaryň ýaňlanmagy beýan edilýän wakalary doly göz öňüne getirmäge mümkinçilik berdi. Çagalary ata Watany, ene topragy, zähmeti söýmeklige çagyrýan sahna eseri hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan döwrebap işleriň, bagtyýar durmuşymyzyň waspy bolup, ýaş tomaşaçylara joşgun paýlady.

Artistler Jennet Şadurdyýewanyň, Juma Abaýewiň, Berdi Berdiýewiň, Ogulşirin Nowruzowanyň, Arzygül Arazmuhammedowanyň, Bäşim Ataýewiň ýerine ýetiren keşpleri çagalarda ýakymly täsirleri galdyrdy.