Habarlar

Il saglygy — ýurt baýlygy

06.11.2023

Balkanabat şäherindäki welaýat köpugurly hassahanasynyň durkunyň doly döwrebaplaşdyrylyp hem-de täze binalar bilen üsti ýetirilip, dabaraly ýagdaýda ulanyşa tabşyrylmagy aýratyn ýatda galyjy şanly wakalaryň biri boldy Açylyş dabarasyna welaýat, şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşuly nesliň wekilleri, Mejlisiň deputatlary, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri hem-de köp sanly ýerli ýaşaýjylar agzybirlik bilen gatnaşdylar.

Köpugurly hassahananyň öňündäki meýdança ajaýyp toý keşbine beslenip, joşgunly aýdym-sazlaryň hoş owazy dabara gatnaşyjylaryň ruhuny has-da belende göterdi. Dabaranyň barşynda welaýat köpugurly hassahanasynyň gurluşyk işlerini alyp baran «Şadyýan gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň aýratyn tapawutlanan gurluşykçylaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren joşgunly aýdym-sazlarynda, tanslarynda, teatr artistleriniň çykyşlarynda, bagtyýar çagalaryň aýdyp beren goşgularynda täze taryhy eýýamyň beýik tutumlary, Gahryman Prezidentimiziň ynsanperwer döwlet syýasaty, saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan üstünlikler taryplandy.

Ýaşulularyň ak patasy bilen toý bagy kesilip, dürli röwüşli howa şarlary asuda asmana bezeg beren dabarada oňa gatnaşyjylar köpugurly hassahanada işlemek we ynsan saglygyny goramak babatda döredilen giň mümkinçilikler bilen ýakyndan tanyşdylar. Hassahananyň baş binasy bäş gatdan ybarat bolup, onda kabul ediş, anyklaýyş we maslahat beriş, şöhle bilen anyklaýyş, hirurgiýa, anesteziologiýa we reanimasiýa, trawmatologiýa, newrologiýa hem-de iç keselleri bölümleri bar. Hassahananyň bölümleriniň Germaniýadan, Fransiýadan, Niderlandlar Patyşalygyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Daniýadan hem-de Günorta Koreýadan getirilen öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary, innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi dabara gatnaşyjylarda çuňňur hoşallyk duýgularyny döretdi.

Durky täzelenen köpugurly hassahanada alnyp baryljak saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hiliniň has-da ýokarlanjakdygyna anyk göz ýetiren dabara gatnaşyjylar halkymyzyň baş saglygy barada ägirt uly aladalar edýän Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza baky Bitaraplygymyzyň şanly senesiniň öňüsyrasyndaky ajaýyp toý serpaýy üçin alkyş hem hoşallyk sözlerini aýtdylar.