Hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllyk şanly senesiniň toý çäreleriniň
giň gerimlerde dowam edýän günlerinde welaýatymyzyň Bereket etrabynyň
Gulmaç geňeşliginiň çäginde gurlan täze, döwrebap Galkynyş şäherçesiniň
acylyş dabarasy uludan tutuldy.
Dabarada döwrebap şäherçäni sowgat eden hormatly Prezidentimiziň
adyna hoşallyk sözleri aýdylyp, şirin aýdym-sazlar, joşgunly gazallar şol
alkyşly sözleriň üstüni ýetirdi. Asylly däbe eýerilip, ýaşulularyň ak patasy bilen
toý bagynyň kesilen pursadynda dabara gatnaşyjylaryň şatlykly sesleri, aýdym-
sazyň göçgünli owazy töwerege ýaň saldy.
Soňra dabara gatnaşyjylar 300 hojalyga niýetlenip gurlan täze şäherçäniň
döwrebap köçeleri bilen ýöräp, bu ýerde döredilen giň mümkinçilikler bilen
tanyşdylar. Ýolugra olar medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna, milli
sport oýunlaryna tomaşa etdiler.
Şäherçäniň merkezindäki 200 orunlyk medeniýet öýi tomaşaçylar zalyny,
döwürleýin neşirler bilen tanyşmak, kitap okamak, sungatyň dürli ugurlary bilen
meşgullanmak, düri çäreleri geçirmek üçin zerur bolan ähli mümkinçilikleri
özünde jemleýär. Medeniýet öýüniň öňünde guralan dabara milli
medeniýetimizi ösdürmekde, täze zehinleri ýüze çykarmakda ähli tagallalary
edýän Arkadagly Serdarymyza çäksiz hoşallygyň beýanyna öwrüldi. Bu ýerde
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan
«Şadyýan gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň baş potratçylygynda gurlan
döwrebap şäherçäniň gurluşygynda yhlasly zähmeti bilen tapawutlanan
gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar
şowhunly el çarpyşmalaryň astynda gowşuryldy.
Şäherçäniň giň mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşlygyň dowamynda
dabara gatnaşyjylar Galkynyş şäherçesine bezeg berjek seýilgähde guralan bag
ekmek çäresine agzybirlik bilen gatnaşdylar.
Galkynyş şäherçesiniň döwrebap binalarynyň hatarynda mynasyp orun
alan azyk, şeýle-de azyk we senagat harytlary dükanlary täze şäherçäniň ilatyna
gündelik zerur bolan harytlary hödürleýär.
Bagtyýar nesilleriň milli ruhda terbiýelenmegi üçin ähi amatlyklary
özünde jemleýän 160 orunlyk çagalar bagynda we 320 orunlyk orta mekdepde
ýaş nesiller dabaranyň myhmanlaryny aýdym-sazlar bilen garşyladylar.
Üç we dört otagly ýaşaýyş jaýlaryna göçüp baran bagtyýar raýatlaryň
ojaklarynda bolup, olaryň şatlyklaryna goşulyşylan pursatlar has-da ýatda
galyjy boldy. Öýlerde bereketli saçaklar giňden ýazylyp, duz-tagam dadyldy.
Döwrebap şäherçä şeýle-de Geňeşligiň edara binasy, saglyk öýi,
aragatnaşyk ulgamynyň, ýangyn howpsuzlygy bölüminiň binalary, 300 orunlyk
metjit, dynç alyş seýilgähi bezeg berýär. Agyz suwy, lagym, gaz, elektrik
geçirijileriniň çekilmegi şäherçäniň bagtyýar ýaşaýjylaryny gündelik durmuş
zerurlyklary bilen bökdençsiz üpjün edýär.
Halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin nusgalyk tutumlary amala
aşyrýan Arkadagly Serdarymyzy alkyşlaýan hoşallyk sözleri täze şäherçäniň
açylyş dabarasyna gatnaşyjylaryň dilleriniň senasyna öwrüldi.
Welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda Gurbanguly Berdimuhamedow
adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat
gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ilkinji mejlisinden gelip çykýan
wezipelere bagyşlanyp, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky
bilen döwletdir!» atly maslahat geçirildi. Oňa il sylagly ýaşulular, kümüş saçly
eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary,
ýaşlar gatnaşdylar.
«Üstümizdäki ýylda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga
mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda
onuň esaslandyryjysy tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Ýaşulular geňeşini döretmek
çözgüdiniň kabul edilmegi halkymyzyň ynsanperwer ýol-ýörelgeleriniň, ýagşy
dessurlarynyň netijeli dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.
Paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Maslahat köşgünde Milli Geňeşiň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat
bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ilkinji
mejlisinde Türkmenistanyň Maşgala kodeksi, degişli Kanunlary bilen
baglanyşykly meseleleriň hem-de howandarlyga mätäç çagalara ýakyndan ýardam
bermek boýunça öňde durýan wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy
halkymyzyň abadan hem bagtyýar durmuşy, ýaş nesilleriň sagdyn ösüp-
ulalmaklary üçin örän uly aladalaryň edilýändiginiň, bu ugurda alnyp barylýan giň
möçberli işleriň oňyn netije berýändiginiň aýdyň beýany boldy» diýip, maslahatda
çykyş edenler buýsanç bilen nygtadylar. Ýurdumyzda sagdyn durmuş
ýörelgeleriniň berkidilmegi, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn bilim-terbiýeli adamlar
bolup ýetişmekleri, howandarlyga mätäç çagalara ýakyndan ýardam bermek,
olaryň saglygyny dikeltmek babatda berkarar döwletimizde durmuşa geçirilýän
işler baradaky gürrüňler maslahatda edilen çykyşlaryň özenini düzdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara
hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna
howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzyň we welaýatlaryň lukmançylyk
edaralarynda dürli operasiýalaryň ýerine ýetirilmegi, operasiýalar hem-de
lukmançylyk enjamlaryny satyn almak üçin tölegleriň geçirilmegi ata-
babalarymyzyň mätäje hemaýat etmek babatdaky asylly ýörelgeleriniň täze
eýýamda mynasyp dowam etdirilýändiginiň güwäsidir. Munuň üçin maslahatda
çykyş edenler Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza tüýs
ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, egsilmez alkyş aýtdylar.
Bereket şäherindäki ýod önümçiligi kärhanasynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny
ýokary zähmet üstünliklerine beslemek ugrunda tutumly işler amala aşyrylýar. Häzirki
zaman kärhanasynyň hünärmenleri ýylyň başyndan bäri 6 million 558 müň manatlyk
önüm taýýarlap, bu baradaky meýilnamany 131 göterim ýerine ýetirdiler.
Her ýylda ýodly taýajyklaryň 250 millionyny, ýodly galamlaryň 50 millionyny hem-
de diş tamponlarynyň 500 müňüsini öndürmeklige niýetlenilip, dünýäniň öňdebaryjy
döwletleriniň meşhur kompaniýalarynyň enjamlary bilen üpjün edilen kärhanada
öndürilen önümler bellenilen meýilnama esasynda müşderilere ugradyldy.
Önümçilik bölümleriniň ählisi kompýuterler arkaly awtomatlaşdyrylan usulda
dolandyrylýan kärhanada öndürilýän önümler ýokary hilliligi bilen tapawutlanyp, uly
islegden peýdalanýar. Kärhanada esasy önümlerden başga-da, göwherli ýaşyl galamlary,
lukmançylyk pamyklarynyň dürli görnüşlerini, ilkinji lukmançylyk kömeginiň gutularyny we
beýlekileri taýýarlamak hem üstünlikli alnyp barylýar. Munuň özi kärhana netijeli we
düşewüntli işlemäge mümkinçilik berýär.
Magtymguly etrabynyň Sumbar we Çendir jülgeleri nar agaçlaryny ylmy esaslara
daýanýan köpýyllyk tejribeler arkaly ösdürip ýetişdirmekde meşhur künjekdir. Dag
derelerinde, Sumbar derýasynyň boýlarynda ýabany ösýän nar agaçlarynyň aýratyn görnüşleri
Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Etrabyň kärendeçi bagbanlarynyň, telekeçileriniň
irginsiz tagallalary netijesinde bu miwe köpçülikleýin ösdürilip ýetişdirilýär. Oba
ýaşaýjylarynyň şahsy melleklerinde, şeýle hem kärendesine alnan ýerlerde giňden ösdürilip
ýetişdirilýän naryň her bir görnüşi biri-birinden gabygynyň galyňlygy, dänesiniň gaty-
ýumşaklygy, miwesiniň turşulygy, süýjüligi, tagamlylygy, yssa, sowuga hem-de kesellere
durnuklylygy boýunça tapawutlanýarlar. Beýikligi adatça 2-3 metrden hem geçýän nar
agaçlarynyň her bir düýbüniň hasyllylygy görnüşlerine görä 20 kilogramdan 70 kilograma
çenli baryp ýetýär. Nar miweleriniň käbir aýratyn saýlanyp alnan görnüşleriniň her biriniň
agramy bolsa 500-600 grama deň gelýär.
Häzirki wagtda etrabyň kärendeçi bagbanlary bitginli nar hasylyny ýygmak işlerini
guramaçylykly alyp barýarlar. Ýetişen miweleri ýygnap almagyň häzirki depgini etrap
boýunça «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda nar miwesini ýygnap almak baradaky
wezipäniň abraý bilen berjaý ediljekdigine güwä geçýär.
Şu ýylda etrabyň kärendeçi bagbanlarydyr telekeçileri dürli miweleriň: almadyr
armydyň, şetdalydyr garalynyň, erikdir üzümiň bol hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Ýylyň
başyndan bäri etrap boýunça ýüzlerçe tonna dürli miweler ýygnalyp, satuwa ugradyldy.
Welaýat häkimliginiň welaýat medeniýet müdirligi bilen bilelikde folklor, tans we
döredijilik toparlarynyň arasynda Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi»
binasynda geçiren çäresiту welaýatymyzyň etrap-şäherlerinden gelen döredijilik
toparlary gatnaşdylar. Gadymy hem müdimi halk döredijilik sungatymyzyň döwrebap
nusgalaryny has-da kämilleşdirmegi, ýurdumyzda geçirilýän toý-baýramlaryň şowhunyny
arşa göterýän kämil döredijilik toparlaryny ýüze çykarmagy maksat edinen medeni
çärede döredijilik toparlarynyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren çykyşlary tomaşaçylar
tarapyndan dowamly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Folklor, tans we döredijilik toparlarynyň kalbyňy heýjana getirýän joşgunly
çykyşlarynda, ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda, gazaldyr lälelerinde Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň rowaçlyklary, şöhratly geçmişimiz,
şu günki bagtyýar döwrümiz aýdyň beýanyny tapdy. Köňülleri galkyndyrýan küştdepdi
tansy adamlara ruhy lezzet paýlady.