Habarlar

Mukaddes duzuň mesgeninde

07.07.2022

Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän «Guwlyduz» kärhanasy egsilmez

tebigy baýlyklarymyzyň biri bolan nahar duzuny senagat taýdan gaýtadan

işlemekde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň öňde goýýan

belent wezipelerine mynasyp goşant goşýan döwrebap senagat kärhanalarynyň biridir.

Ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny halkymyzyň abadan, bolelin ýaşaýyş-durmuşyny

üpjün etmäge, ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň dowamly pugtalandyrylmagyna

gönükdirmek bolsa, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam etdirýän giň gerimli

özgertmeleriniň esasy maksady bolup durýar. Şonuň üçin ykdysadyýetiň geljegi uly

pudaklarynyň biri bolup durýan himiýa senagatynyň baý tebigy serişdelere

daýanýan çig mal we önümçilik mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmakda, pudagyň

maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmakda guwandyryjy sepgitlere

ýetilýär. Gahryman Arkadagymyzyň aladalary bilen geçen ýyllarda «Guwlyduz»

kärhanasynda hem döwrebaplaşdyryş işlerini geçirmekde düýpli öňegidişlikler

gazanyldy. Kärhananyň binýadynda täze önümhananyň işi ýola goýuldy. Munuň özi

kärhananyň ýyllyk önümçilik kuwwatyny nahar duzuny öndürmekde 40 müň tonna,

gerdejik görnüşli tehniki duz babatda bolsa 2 müň 500 tonna çenli ýetirmäge şert

döretdi. Hususy işewürlerimiz tarapyndan durmuşa geçirilen bu işler

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň baýry önümçilik kärhanasynda öndürilýän

önümleriň hil derejesine hem oňyn täsirini ýetirdi.

Uly üstünliklere eýe bolýan «Guwlyduz» kärhanasynyň zähmet topary

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny hem mynasyp zähmet görkezijilerine

besleýär. Ýylyň başyndan bäri kärhana boýunça senagat taýdan gaýtadan işlemek

üçin gazylyp alnan duzuň umumy möçberiniň 48 müň 296 tonnadan geçip, 102

göterim zähmet üstünliginiň gazanylmagy munuň anyk subutnamalarynyň biridir.

Bu döwürde önümçi-ligiň dürli pudaklarynda giňden ulanylýan gerdejik görnüşli

tehniki duz öndürmekde iş meýilnamasyna 103,9 göterim hötde gelindi.

Munuň özi önümiň 42 müň 930 tonnasynyň çykarylandygyny görkezýär.

Umumy gaplanan nahar duzy 15 müň 274 tonna ýetip, geçen ýylyň degişli döwri

bilen deňeşdireniňde, önümçiligiň ösüş depgini 156,7 göterime deň boldy. Ýetilýän


sepgitler pudagy mundan beýläk-de ösdürmekde Arkadagly Serdarymyzyň edýän

aladalaryna kärhananyň hünärmenleriniň hoşallyklarynyň mynasyp beýanydyr.