Türkmen selmelegi

Ýurdumyzyň tebigat dünýäsi özboluşlydyr. Günorta-Günbatar Köpetdag ösümliklere örän
baýdyr. Olaryň biri-de türkmen selmelegidir. Bu ösümligiň dünýäde bäş görnüşi bolup,
ýurdumyzda bir görnüşi duş gelýär.
Türkmen selmelegi dag derman ösümligi bolup, ol toýunly, oňat çyglaşan mele
topraklarda, çagylly we daşly günorta eňňitlerde, agaçdyr gyrymsy agaçlaryň arasynda,
garatikenleriň jeňňelliklerinde ösüp boý almagy halaýar. Boýy 20-40 santimetre çenli ýetýär.
Türkmen selmelegi noýabr-aprel aýlarynda gülleýär, maý-iýul aýlarynda miweleri
bişýär. Ösümlik tohumyndan köpelýär. Türkmen selmelegine ülkämizde deňiz
derejesinden 800-1200 metr belentlikde duş gelmek bolýar. Ösümlik 3-4 ýyldan soň miwe
berip başlaýar, Günorta-Günbatar Köpetdagda: Hozluda, Şywlanda, Altybaýda,
Galalygözde, Hydyrsuwda, Çokagaçda, Süntde gabat gelýär. Ol köp ýaşaýan, sowuga
durnukly, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ösümlikdir.
Dermanlyk maksatlary üçin miwesi, ýapragy, köki çig mal bolup hyzmat edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-
ensiklopedik eserinde türkmen selmeleginiň dermanlyk häsiýetleri barada giňişleýin
maglumat berilýär.