Welaýatymyzda bugdaý ekişine badalga berildi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 26-njy
awgustynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bugdaý
ekişine başlamaga ak pata bermegi bilen ruhlanan welaýatymyzyň gallaçylary 2-nji
sentýabrda bu jogapkärli möwsüme guramaçylykly girişdiler. Il sylagly ýaşulular,
gallaçy daýhanlar, obasenagat toplumynyň hünärmenleri, daýhan hojalyklarynyň
ýolbaşçylary, kuwwatly hem ýokary öndürijilikli tehnikalara başarjaňlyk bilen erk
edýän mehanizatorlar şol gün Serdar etrabynyň «Goç» daýhan birleşiginiň
ekerançylyk meýdanyna ýygnandylar. Bu ýerde welaýatymyzyň bagşy-
sazandalarynyň, estrada aýdymçylarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwrüni wasp edýän şowhunly aýdym-sazlary belentden ýaňlanýar.
Bugdaý ekişiniň başlanmagy mynasybetli guralan dabara gatnaşmak üçin bu
ýere gelenler dürli oba hojalyk gurallarynyň, ekişde ulanyljak tehnikalaryň, olaryň
ätiýaçlyk şaýlarynyň, dürli azyk, çörek we çörek önümleriniň, amaly-haşam
sungatynyň hem-de el işleriniň sergilerini höwes bilen synlaýarlar. Hatar tutup
oturan ak öýler, döwrebap bezelen sahnada ýerine ýetirilýän ajaýyp tanslar, folklor
çykyşlary hem-de sahna oýunlary bu ýere ýygnananlara ruhy lezzet paýlaýar.
Dabaranyň aýgytlaýjy pursadynyň gelip ýetmegi bilen, Arkadagly
Serdarymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, welaýatymyzyň il sylagly ýaşululary,
asylly däbe görä ekişi «Bismilla» bilen başlap, ilkinji bolup, topraga bugdaý
tohumlaryny sepýärler. Olaryň yzysüre bolsa depelerinde ýaşyl Baýdak pasyrdaýan
traktorlar herekete girizilýär. Altyn güýzüň başynda guramaçylykly badalga berlip,
kalbyňda ýakymly duýgulary oýarýan şeýle pursady synlap duran adamlar geljek
ýylyň hasylynyň bereketli bolmagyny Beýik Biribardan dileg edýärler.
* * *
Bugdaý ekişine girişilmegi mynasybetli welaýat häkimliginiň mejlisler
zalynda «Ak pataňyz üçin sag bol, Arkadagly Serdarymyz!» atly dabaraly maslahat
geçirildi. Onda bugdaý ekişini öz wagtynda, guramaçylykly geçirmegiň meseleleri
ara alnyp maslahatlaşyldy. Welaýat, şeýle hem etrap-şäher häkimleriniň, daýhan
2
birleşikleriň başlyklarynyň, oba hojalygyna dahylly pudaklaryň ýolbaşçylarynyň,
degişli hünärmenleriň, mehanizatorlaryň, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleriniň,
il sylagly ýaşulularyň we ussat gallaçy daýhanlaryň gatnaşmaklarynda geçirilen
dabaraly maslahatda çykyp geplänler bugdaý ekişini öz wagtynda we bildirilýän
talaba laýyk geçirmek üçin ähli şert-mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, jogapkärli
möwsümde gazanyljak üstünlik geljekki bol hasylyň kepilidir diýip nygtadylar.
Ekişde ulanyljak tehnikalar öňünden taýýar edildi. Welaýatymyzyň toprak-howa
şertlerine laýyklykda, topraga sepiljek bugdaý tohumlarynyň aýratynlyklary
bellenildi.