Tikinçi zenanlaryň bäsleşigi

Welaýat merkezindäki
«Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi
geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde
yglan eden «Hünärim bar — hormatym bar» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry
geçirildi.
Garaşsyz
döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 28 ýyllygy mynasybetli hem-de türkmen
zenanlarynyň görelde mekdebine öwrülen Ogulabat ejäniň döreden amaly-haşam
sungatynyň nusgalaryndan ugur alnyp, kärhanalarda zähmet çekýän we tikinçilik
bilen meşgullanýan, el işlerini ýerine ýetirmekde, milli lybaslary
biçip-tikmekde görelde görkezýän tikinçi zenanlaryň arasynda yglan edilen
bäsleşige onuň deslapky tapgyrynda tapawutlanan gelin-gyzlar gatnaşdylar. Zenanlaryň
ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän tikinçilik sungatyna bolan yhlasyny,
söýgüsini açyp görkezmegi, olaryň hünär ussatlygyny kämilleşdirmegi, zähmet
öndürijiligini artdyrmagy, Watanymyza, il-günümize, hormatly Prezidentimize,
Gahryman Arkadagymyza bolan belent söýgi-buýsanjy wagyz etmegi maksat edinen
bäsleşik dört şertden ybarat boldy.
Bäsleşige gatnaşyjylar onuň şertlerine laýyklykda, işlemäge, hünär
öwrenmäge, telekeçilik bilen meşgullanmaga döredilýän şertler hem-de tikýän milli
lybaslarynyň aýratynlyklary hakynda buýsanç bilen gürrüň etdiler. Bellenen
wagtyň dowamynda gyzjagaza köýnek biçdiler we tikdiler. Lybasa salynýan
nagyşlary, olara siňen syrly şekilleriň aýratynlyklaryny, aňladýan manylaryny,
milli eşikleriň matalarynyň saýlanyşyny, biçilişini we tikilişini çeper sözde
beýan etdiler. Şeýle-de durmuşa çykjak gyzyň bukjasyny taýynladylar we ony hem
alajalar bilen bezediler, gazallaryň, aýdyşyklaryň üsti bilen bukjanyňdyr
alajalaryň waspyny ýetirdiler. Öz tikip keşdelän milli lybaslaryny geýnip,
döwrebap milli türkmen lybaslarynyň görkezilişini guradylar. Milli
gymmatlyklarymyzy goşgudyr gazallarda, rowaýatlarda wasp etmekde birek-birekden
kem durmadylar.
Gyzykly geçen bäsleşigiň
netijesi boýunça Magtymguly etrabynyň medeniýet merkeziniň baletmeýsteri
Annagül Myradowa, şol merkeziň tans toparynyň çeper ýolbaşçysy Gurbanbike
Garaýewa, Gyzylarbat etrap hassahanasynyň şepagat uýasy Züleýha Körpäýewa dagy birinji
orna mynasyp bolmagy başardylar we olar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga
hukuk gazandylar.