Habarlar

Şatlyk-şowhuna beslenen açylyş dabaralary

25.10.2023

Balkanabat şäherinde nebitçileriň maşgalalary üçin iki sany ýaşaýyş jaýy dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi. Olaryň açylyş dabarasyna welaýat, Balkanabat şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşuly nesliň wekilleri, bagtyýar çagalar, talyplar hem-de welaýat merkeziniň köp sanly ýaşaýjylary agzybirlik bilen gatnaşdylar.

Dabarada çykyş edenler ýurdumyzyň bagtyýar raýatlaryny ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmegiň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünliklere beslenýän durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny buýsanç bilen nygtadylar. Halkynyň bagtyýar durmuşy barada uly alada edýän hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň adyna ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar. Dabaranyň dowamynda binalaryň gurluşyklarynda tapawutlanan gurluşykçylara Gahryman Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy. Täze jaýlara göçüp gelen bagtyýar raýatlara öýleriň açarlarynyň gowşurylmagy hem dabaranyň ýakymly pursatlarynyň üstüni ýetirdi. Sungat ussatlarynyň dabara bezeg beren joşgunly çykyşlarynda täze taryhy eýýamyň özgerişleri, hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň beýik tutumlary taryplandy.

         Soňra ýaşulular şowhunly el çarpyşmalar astynda toý bagyny kesip, «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Ýöritegurluşykgurnama» müdirliginiň gurluşykçylary tarapyndan bina edilen ýaşaýyş jaýlarynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar. Hersi iki gatdan ybarat bolup, her biri 16 hojalyga niýetlenen binalaryň iki, üç we dört otagly öýlerinde döredilen amatlyklar, otaglaryň durmuş maksatly enjamlar bilen üpjünçiligi hemmelerde çuňňur kanagatlanma döretdi.

         «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň durky täzelenen binasynyň dabaraly ýagdaýda ulanyşa tabşyrylmagy hem şanly wakalaryň biri boldy. Iki gatdan ybarat binanyň öňündäki meýdança baýramçylyk keşbine beslenip, bu ýerde hem buýsançly gutlag çykyşlaryna uly orun berildi. Pudagy ösdürmekde döwlet derejesinde edilýän nusgalyk aladalar üçin Gahryman Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň adyna hoşallyk sözleri aýdyldy. Medeniýet we sungat wekilleriniň täsirli, çuň mazmunly çykyşlary dilleriň senasyna öwrülen alkyşly sözleriň üstüni ýetirdi. Milli tanslar bilen utgaşan aýdym-sazlarda abadan durmuşymyz, nurana geljegimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze taryhy eýýama bezeg berýän beýik işleri wasp edildi. Dabarada binanyň durkuny täzelemek hem-de onuň daş-töweregini abadanlaşdyrmak işlerini alyp baran «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Ýöritegurluşykgurnama» müdirliginiň gurluşykçylaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

         Ýaşulularyň ak patasy bilen ulanyşa tabşyrylan binada döredijilikli hem-de netijeli işlemek üçin döredilen şertlerdir mümkinçilikler aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Institutyň iş otaglary we barlamhanalary häzirki zamanyň ýokary talaplaryna doly laýyk gelýän mebellerdir enjamlar bilen birkemsiz üpjün edilipdir. Munuň özi gözleg-barlag işleriniň, çuň guýulary burawlamagyň taslamalaryny düzmek, uglewodorod serişdeleriniň gorlaryny hasaplamak, gözleg-barlag buraw işleriniň meýilnamasy üçin ylmy teklipleri bermek ýaly institut tarapyndan alnyp barylýan işleri ýokary derejede geçirmäge mümkinçilik berer.