Buýsanja beslenen dabaraly maslahatlar

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmen döwlet
neşirýat gullugynyň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa
baradaky döwlet komitetiniň, welaýat häkimliginiň bilelikde guramaklarynda Türkmenbaşy
etrabynyň medeniýet merkezinde hem-de bu etrabyň Belek şäherçesiniň medeniýet
merkezinde «Medeniýet we döwür» atly dabaraly maslahatlar
geçirildi. Olara bilim, medeniýet ulgamlarynyň, gazet-žurnallaryň redaksiýalarynyň,
jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, şahyrlar, ýaşlar gatnaşdylar.
Milli medeniýetimizi,
däp-dessurlarymyzy, halk döredijiligini, kitaphana ulgamyny kämilleşdirmek,
maddy ýadygärliklerimizi içgin öwrenmek we sarpalamak medeni mirasy goramaklygyň
esasy şertleriniň biridir. Ýurdumyz ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy
mirasyny goramak baradaky Konwensiýasyna goşulyp, geljekki nesiller üçin
taryhy-medeni we tebigy gymmatlyklary aýawly saklamak boýunça giň möçberli
işleri yzygiderli alyp barýar. Maddy gymmatlyk bilen bir hatarda, ruhy
medeniýeti ösdürmek, onuň ähmiýetini ýokarlandyrmak häzirki döwürde esasy
meseleleriň biridir. Medeni gymmatlyk hökmünde ruhy baýlyga öwrülen kitaplara
goýulýan hormat-sarpa has-da artýar. Kitaphanalaryň işi dünýä ülňülerine laýyk derejede
kämilleşdirilýär, okyjylaryň sany hem barha artýar.
Maslahatyň
dowamynda edilen çykyşlarda şular dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Gahryman
Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyldy. Ata
Watanymyzda sazlaşykly alnyp barylýan beýik işleriň, hormatly Prezidentimiziň,
döwrümiziň, medeniýetimiziň waspy şirin owazly aýdym-sazlarda, goşgularda
ýetirildi.