Asylly başlangyja eýerip
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Rowaç» kottejler
toplumynyň çäginde ýörite taýýarlanylan meýdanda geçirilen ählihalk bag ekmek
dabarasyna welaýat, etrap, şäher häkimleri, jemgyýetçilik guramalarynyň
wekilleri, ýaşululardyr mährem eneler, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary,
işgärleri, talyp ýaşlardyr ýaş çatynjalar we köp sanly ýaşaýjylar gatnaşdylar. Baglaryň
ilkinji nahallaryny oturtmaklygyň ýaşuly nesliň wekillerine, ýaş çatynjalara
hem-de röwşen geljegimiziň eýeleri bolan körpelere ynanylmagy çuň many-mazmuna
eýe bolup, çärä gatnaşyjylaryň ruhubelentliklerini has-da belende göterdi.
Welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren döwrebap aýdym-sazlary hem-de tans
toparlarynyň joşgunly çykyşlary bag nahallaryny oturtmak üçin ýygnanan
adamlara ruhy lezzet paýlady. Şowhuny ýaňlanan aýdym-sazlarda Berkarar döwletiň
täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň
rowaç ösüşleriniň, erkana durmuşymyzyň, tebigat gözellikleriniň waspy
ýetirildi. Dabaranyň geçýän ýerlerinde
ýaşajyk bag nahallarynyň we
gülleriň dürli görnüşlerinden, muzeý gymmatlyklaryndan, senetçilige, amal-haşam
sungatynyň el işlerine degişli önümlerden guralan sergiler aýratyn many-mazmuna
eýe boldy.
«Awaza»
milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen bag ekmek çäresinde saýaly we pürli
agaçlaryň 2 müň 400 düýbi ekildi. Bu asylly çäräniň dowamynda bag nahallarynyň
15 müň 280 düýbi, şol sanda miweli we üzüm nahallarynyň bolsa 1 müň 600 düýbi
ekildi. Öňden ösüp oturan baglaryň 67 müň 700-e golaýyna ideg işleri edildi.
Ählihalk bag ekmek dabaralaryna
gatnaşanlar ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde amala aşyrýan asylly işleri
üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.