Habarlar

Bedewlere belent buýsanjyň nyşany

29.04.2024

Balkan atçylyk sport toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň şanyna uludan tutulan dabaralar milli gymmatlyklarymyza buýsanjyň özboluşly subutnamasyna öwrüldi. Baýramçylyk ýörişi bilen badalga alan toý çäreleri türkmen halkynyň dünýäniň medeni ösüşine goşan uly goşandynyň anyk mysaly bolan behişdi bedewlerimize bolan hormat-sarpanyň nusgalykdygyny aýdyň görkezdi. Toplumyň esasy girelgesiniň öňündäki ak öýleriň owadan hatary bilen bezelen meýdançada welaýat, Balkanabat şäher häkimlikleriniň, welaýat medeniýet müdirliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň tagallalary bilen guralan medeni çäreler giňden ýaýbaňlandyryldy. Belentden ýaňlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik tutumlary, üsti şemally bedewlerimiz joşgun bilen wasp edilen aýdym-sazlar, dutar-gyjagyň hoş owazy, milli tanslar, folklor çykyşlary, görkezilen sahnalar dabaranyň mazmun baýlygyny artdyrdy. Milli oýunlar hem-de sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlar baýramçylygyň täsirli pursatlarynyň üstüni ýetirdi. Bu ýerde guralan sergide ýerleşdirilen at esbaplaryny, bezeg şaýlaryny, atşynaslyk sungatynyň milli ýörelgelerini beýan edýän işleri, amaly-haşam işlerini hem-de muzeý gymmatlyklaryny toý çäresine gatnaşyjylar uly gyzyklanma bilen synladylar.   

Şeýle göwün göteriji pursatlardan ruhy lezzet alan dabara gatnaşyjylar soňra baýramçylyk at çapyşyklaryna tomaşa etdiler. Üçýaşar atlaryň arasynda 1200 metr aralyga geçirilen birinji çapyşykda 1 minut 27 sekunt wagt görkezip, «Nur önümçilik» söwda gurluşyk hojalyk jemgyýetine degişli Nurly diýen gara at, üçýaşar bedewleriň arasynda ýene-de şol aralyga guralan ikinji çapyşykda welaýat Polisiýa müdirligine degişli Albedewim diýen al at 1 minut 25 sekunt, dört we ulyýaşar atlaryň gatnaşmagynda 1800 metr aralyga geçirilen üçünji çapyşykda welaýat agyz suw müdirligine degişli Näzli diýen al gysrak 2 minut 14 sekunt, dört we ulyýaşar atlaryň arasynda şol aralyga geçirilen dördünji çapyşykda bolsa Röwşen Hyrryýewiň hojalygyna degişli Körpäm diýen dor bedew 2 minut 18 sekunt wagtlary görkezip, pellehanadan birinji bolup geçmegi başardylar.

         Hormatly Prezidentimiziň baş baýragyny almak ugrunda geçirilen bäşinji çapyşyga gatnaşan dört we ulyýaşar bedewler hem 1800 metr aralykda ýyndamlyklaryny görkezdiler. Aýratyn uly şowhuna beslenen bu çapyşyk diýseň çekeleşikli häsiýete eýe bolup, 2 minut 13 sekuntda pellehana gelmegi başaran welaýat Polisiýa müdirliginiň Sazanda-II diýen gara dor bedewi baş baýragy eýelemegi başardy. Bedewiň çapyksuwaryna 50 müň manat hem-de «Zemin» telewizory janköýerleriň al-asmana göterilen şowhunly sesleriniň astynda dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.