Habarlar

Uzyn saçly gyzlaryň bäsleşigi

03.05.2024

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdepde welaýat Baş bilim müdirliginiň, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Balkanabat şäher geňeşiniň bilelikde guramaklarynda «Uzyn saçly gyzlar» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi.

Orta mekdepleriň 7 — 11-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda gyz edebiniň gözelligini ýaýmagy, türkmen gyzlaryna mahsus bolan saçlaryny gorap saklamagy, Magtymguly Pyragynyň «Gözel sen» diýen goşgusynda waspy ýetirilýän gözellikleri wagyz etmegi maksat edinen bäsleşik üç şertden ybarat boldy. Onuň şertlerine laýyklykda, gyzlar öz saçlaryny çeper sözde wasp etdiler. Saça oňat ideg edip saklamak, onuň tarlarynyň gyrylmagynyň öňüni almak baradaky yrymlary, aýtgylary aýtdylar. Emin agzalary tarapyndan berlen sowallara dogry jogap berdiler. Özlerine okamak, öwrenmek üçin ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.

Bäsleşigiň jemi jemlenilende, gyzlaryň ýaş aýratynlyklaryna görä baha berildi. Netijede, Balkanabat şäherindäki 3-nji orta mekdebiň okuwçysy Nowça Annamämmedowa, şol şäherdäki 7-nji orta mekdebiň okuwçysy Aýjemal Mejidowa, Türkmenbaşy şäherindäki 5-nji orta mekdebiň okuwçysy Medine Myradowa birinji orunlara mynasyp boldular. Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesindäki 32-nji orta mekdebiň okuwçysy Gülzada Hajyýewa, Balkanabat şäherindäki 22-nji orta mekdebiň okuwçysy Bibimerýem Gurbanowa ikinji, Etrek etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň  okuwçysy Nurana Gylyçdurdyýewa, Gyzylarbat etrabyndaky 29-njy orta mekdebiň okuwçysy Oguljennet Gurbangeldiýewa hem-de şol etrapdaky 16-njy orta mekdebiň okuwçysy Täzegül Hydyrowa üçünji orunlary eýelediler.