Habarlar

Halyçylaryň bäsleşigi häkimlik

01.05.2024

Welaýat merkezindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Türkmen halysy — milli buýsanjymyz» atly haly we haly önümleriniň sergi bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda giňden belleniljek Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli hem-de türkmen zenanlarynyň görelde mekdebine öwrülen Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ejesi, Türkmenistanyň at gazanan halyçysy Ogulgerek gelnejäniň el işleriniň nusgalaryndan ugur alyp, ýurdumyzyň çeper halyçylyk kärhanalarynda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň arasynda geçirilen bäsleşik halkymyzyň ruhy we medeni mirasyny aýawly saklamagy we wagyz etmegi, ýaş halyçylaryň has ökdelerini ýüze çykarmagy, olaryň bu käre bolan höwesini artdyrmagy hem-de bu kesp-käri ýaş gyzlaryň dowam etdirmegini gazanmagy maksat edindi.

«Syrlardan dokalan gözellik», «El bilen döredilen gudrat» we «Gözellik dowamaty» atly şertler boýunça bäsleşen halyçylar haly we haly önümlerinden sergi gurnadylar. Gahryman Arkadagymyzyň «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly kitaplaryna esaslanyp, haly sungatyna bolan buýsançlaryny beýan etdiler. Haly önümleriniň görnüşleri we gelip çykyşlary, tebigy reňkleriň hem-de ýüň ýüplüginiň taýýarlanylyşy barada gürrüň berdiler. Haly önümleri bilen toý kejebesini bezediler. Ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän ajaýyp sungaty içgin öwrenmäge, dünýä ýaýmaga we ýaş nesillere ýetirmäge giň ýollary açan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan alkyşlaryny gazallaryň, goşgularyň üsti bilen beýan etdiler.

Netijede, Esenguly etrabyndan halyçy Bibisoltan Sarygulyýewa we Gyzylarbat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Oguljeren Orazgulyýewa birinji, Esenguly etrabyndan halyçy Gülşen Berdigylyjowa we şol etrabyň 10-njy orta mekdebiniň mugallymy Hojabibi Goçmyradowa ikinji, Bereket çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçylary Jumagül Saparmämmedowa we Baýramsoltan Gapurowa üçünji orunlara mynasyp boldular.

Bäsleşikde birinji we ikinji orunlary eýelän halyçylar onuň döwlet tapgyryna gatnaşarlar.