Habarlar

Ýeňiş gününiň şanyna

08.05.2024

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni mynasybetli welaýatymyzda aýdym-sazly dabaralar giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle dabaralaryň biri  «Watan goragy mukaddesdir» ady bilen Balkanabat şäher häkimliginiň, şäher medeniýet bölüminiň bilelikde guramaklarynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta  hünär okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda geçirildi. Oňa uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlary, tylda zähmet çekenler, harby gullukçylar we edara-kärhanalaryň işgärleri gatnaşdylar.

Çärede çykyş edenler asuda durmuş üçin baş goýan gahrymanlarymyzyň, merdana esgerlerimiziň görkezen gaýduwsyzlyklary, edermenlikleri hakynda gürrüň berdiler, ýaş nesillerimizi watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde olaryň nusgalyk mekdep bolup durýandyklaryny nygtadylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň erkinligi, azatlygy ugrunda döş gerip söweşen uruş weteranlarynyň, olaryň ýanýoldaşlarynyň we tylda zähmet çeken ildeşlerimiziň sarpasynyň mydama belent tutulýandygyny buýsanç bilen bellediler. Halkymyzy eşretli hem-de bolelin durmuşda ýaşadýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Dabarada şäher medeniýet bölüminiň sungat ussatlarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlaryna giň orun berildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň, Beýik Ýeňşiň, dost-doganlygyň waspy belentden ýetirildi. «Miras», «Nurana», «Tumar» tans toparlarynyň ýerine ýetiren ajaýyp tanslary baýramçylyk dabarasyna gatnaşanlaryň göwünlerini galkyndyrdy. Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň «Küştdepdi» tansy el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Baýramçylyk çäresiniň ahyrynda uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna, tylda zähmet çekenlere jemgyýetçilik guramalarynyň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.