Habarlar

Ýokary ruhubelentlige beslenen baýramçylyk dabarasy

15.05.2024

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli welaýat häkimliginiň, welaýat medeniýet müdirliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Balkanabat şäherindäki Baş baýdak meýdançasynda geçirilen baýramçylyk dabarasy ýokary ruhubelentlige beslendi. Oňa  jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, ak saçly eneler, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Dabarada çykyşlara giň orun berildi. Soňra edebi-sazly kompozisiýa görkezildi. Baş Kanunymyzyň hem-de Döwlet baýdagymyzyň özara sazlaşygynyň aýdym-sazly ajaýyp çykyşlaryň üsti bilen açylyp görkezilmegi örän täsirli boldy. Welaýatyň tanymal sungat ussatlarynyň goşa mukaddesligi wasp edýän aýdymlaryna, belentden ýaňlanýan sazlaryna goşulyp ýerine ýetirilen tanslar  dabaranyň şatlyk-şowhunyny artdyryp, oňa gatnaşanlaryň baýramçylyk ruhuny ýokary göterdi. Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işlerini, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, Döwlet baýdagyny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan özgertmeleri, gözel tebigatymyzy, dost-doganlygy wasp edýän aýdymlar ýerine ýetirildi. Halk döredijilik toparlarynyň çykyşlary hem belent heňde ýaňlanan aýdym-sazlar bilen  utgaşyp, dabara aýratyn bezeg berdi. Halkymyzyň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan, häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylan «Küştdepdi» tansyny bu ýere ýygnanlar şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Milli mukaddesliklerimiziň şanyna bagyşlanyp geçirilen baýramçylyk dabarasy uly ruhubelentlige, egsilmez şatlyk-şowhuna beslenip, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda aýratyn many-mazmuna eýe boldy.