Goşa mukaddeslige buýsanjyň beýany
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet
baýdagynyň güni mynasybetli esasy dabara welaýat merkezindäki Baş baýdak
meýdançasynda geçirilip, şol gün ir säherde uly buýsanç, çäksiz joşgun bilen
köpçülikleýin ýerine ýetirilen Döwlet senamyzyň belent owazynyň astynda ýaşyl
Tugumyz al-asmana galdyryldy.
Hormatly Prezidentimiziň baýramçylyk mynasybetli
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagyny ýokary
ruhubelentlik bilen garşylan ildeşlerimiz bu ýere ýygnananlary ählihalk baýramy
bilen tüýs ýürekden mähirli gutladylar. Başymyzyň täjine deňelýän Döwlet
baýdagymyzyň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjiliginiň hem-de berkararlygynyň
kepili bolup durýandygyny, bu günki gün asuda asmanymyzda bagtyýarlygyň nyşany
bolup parlaýandygyny buýsanç bilen bellediler. Ajaýyp sene agzybirligimizi,
bitewüligimizi, parahatçylyk ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygymyzy
alamatlandyrýan Konstitusiýamyza hem-de Döwlet baýdagymyza söýgi-buýsanjyň
egsilmezdigini bütin aýdyňlygy bilen görkezýär diýip, çykyş edenler nygtadylar.
Ösüşlere beslenýän ýurdumyzda halkymyzyň bagtyýarlygy, eşretli durmuşy barada
uly alada edýän Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden
çykýan hoşallyklaryny bildirdiler.
Al-asmana uçurylan şarlar, adaja öwüsýän şemala
gollarynda ýaşyl Tugumyz erkana pasyrdaýan bagtyýar adamlaryň şatlygy ajaýyp
toý gününiň buýsandyryjy alamatlary boldy. «Mähek» aýdym-saz toparynyň aýdym-sazlary, «Nurana», «Tumar», «Bagtyýarlyk» tans toparlarynyň joşgunly tanslary,
welaýat döwlet drama teatrynyň artistleriniň taýýarlan edebi-sazly kompozisiýasy
bu ýere ýygnanlara ruhy lezzet paýlady. Nebitçiler
medeniýet köşgüniň «Dehistan» folklor toparynyň «Küştdepdi» tansy baýramçylyk
dabarasynyň şowhunyny hasam artdyrdy.