Habarlar

Möhüm waka bagyşlanan dabaraly maslahat

24.05.2024

Welaýat häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň bilelikde guramagynda häkimligiň mejlisler zalynda geçirilen «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly forum — hyzmatdaşlygyň täze ugry» atly dabaraly maslahat ýokary ruhubelentlige beslendi. Ol golaýda paýtagtymyzda Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň başlyklyk etmeginde hem-de Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýueniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşmagynda geçirilen «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly forumdan gelip çykýan wezipelere bagyşlandy.

Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň we işjeň agzalarynyň, edara-kärhanalarda zähmet çekýän öňdebaryjy zenanlaryň, mährem eneleriň, talyp gyzlaryň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda edilen çykyşlarda nygtalyşy ýaly, «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly forum iki halkyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Bu forum dostlukly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, ählumumy parahatçylygy gorap saklamakda zenanlaryň ornunyň uludygyny, şunda milli sungatlaryň hem möhüm ähmiýete eýedigini bütin aýdyňlygy bilen görkezdi.

Çykyş edenler möhüm ähmiýete eýe bolan çärä Gahryman Arkadagymyzyň agtyjagy Aýjereniň gatnaşmagynyň, mähirlije Aýjereniň geçen ýyl atasy bilen Hytaýda bolan pursatlarynda özüne panda şekilindäki gurjagyň sowgat berlendigini, onuň özünde uly täsir galdyrandygyny we bu gurjakdan täsirlenip, ony ilki şekile geçirendigini hem-de onuň esasynda keşde taýýarlandygyny aýdyp, myhmandan taýýarlan işini HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň maşgalasyna gowşuryp bermegini haýyş etmeginiň, şeýle hem forumyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň myhmanlary haly dokalýan enjam bilen tanyşdyrmagynyň, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny berjaý etmek bilen, hormatly myhman, hanym Şen Ýueýueni dokalyp tamamlanan halyny bilelikde kesmäge çagyrmagynyň, oňa Gahryman Arkadagymyzyň «Arşyň nepisligi» atly kitabyny sowgat hökmünde gowşurmagynyň aýratyn buýsandyryjy bolandygyny guwanmak hem buýsanmak bilen gürrüň berdiler. Türkmen we hytaý dostlukly gatnaşyklarynyň taryhynda şanly waka öwrülen şeýle çäreleri geçirmäge döredip berýän şert-mümkinçilikleri üçin Milli Liderimize we döwlet Baştutanymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Täsirli söhbetlere baý bolan maslahatda sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeklerinde aýdym-sazlar belentden ýaňlanyp, olarda ajaýyp zamanamyz, ösüşlere beslenýän eziz Watanymyz, dost-doganlyk wasp edildi.