Habarlar

Dostluk mekanyndaky dabaraly çäreler

07.08.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen täze taryhy eýýamda ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşy üpjün edilýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şatlyk-şowhun bilen geçirilýän «Awaza — dostluk mekany» atly medeni-köpçülikleýin we sport çäreleri bu hakykatyň aýdyň dabaralanmasydyr. Syýahatçylyk zolagyny baýramçylyk ruhuna beslän çärelere Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýat-goldawlary bilen bejergi alan çagalar, paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän we bilim alýan çagalar, şeýle-de Russiýa Federasiýasyndan gelen mekdep okuwçylary  gatnaşýarlar. Russiýaly çagalar şu ýylyň mart aýynda Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen halkara matematika olimpiadasynda birinji orny eýeläp, gözel Awazada dynç almak bagtyna eýe boldular. Olara gazanan üstünlikleri üçin gymmatbahaly sowgatlar, şeýle-de ady agzalan haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç almak üçin 10 günlük ýollanmalar gowşuryldy.

         «Awaza — dostluk mekany» atly medeni-köpçülikleýin we sport çäreleriniň ilkinji gününde «Arkadagyň sahawaty —  ömürleriň çyragy» ady bilen dynç alyş tapgyrynyň aýdym-sazlara beslenen açylyş dabarasy dürli çäreleriň badalgasyna öwrüldi. Çagalaryň Türkmenbaşy şäherindäki taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde, «Salkyn kenar» seýilgähinde bolmaklary olarda unudylmajak täsirleri galdyrdy. Sportuň ýeňil atletika, küşt, şaşka, düzzüm, kenarýaka woleýboly, stol tennisi, tanap çekmek görnüşleri, türkmen milli oýunlary boýunça geçirilen ýaryşlar, «Kim çalasyn? Kim çakgan?» atly hereketli oýunlaryň bäsleşigi çagalaryň sporta söýgüleriniň, höwesleriniň egsilmezdigini görkezdi.

Syýahatçylyk zolagynyň içi bilen birnäçe kilometre uzalyp gidýän Awaza derýasynda gämili gezelenç, «Gämiler dünýäsi» muzeýiniň täsinlikleri bilen tanyşmak, gämili Hazar deňzine guralan gezelenç, «Älemgoşar», «Jadyly kenar», «Deňiz merjeni» seýilgähleriniň, «Awaza» akwaparkynyň, interaktiw suw çüwdürimler toplumynyň gözellikleri çagalaryň hakydalarynda hemişelik galar diýip, ynam bilen aýtsa bolar.

 Medeni-köpçülikleýin we sport çäreleriniň dowamynda guralan «Biz Watan buýsanjy — bagtly çagalar», «Dil bilen dünýäni gezer», «Awazanyň tolkuny — göwünleriň ylhamy», «Hünärim bar — hormatym bar», «Hünär ussatlygy — kämilligiň kepili», «Zehinlileriň meýdançasy», «Tebigat gözelligi — ülkämiziň bezegi» ýaly dürli çäreler çagalaryň sungatdaky, döredijilikdäki tebigy ukyp-başarnyklaryny ýüze çykardy. Şowhunly aýdym-sazlar, sirk artistleriniň çykyşlary, döredijilik işgärleri bilen guralan duşuşyk dynç alýan çagalar üçin täsirli çäreleriň hataryny artdyrdy. «Alkyş Size, şöhrat Size, Howandar Arkadagymyz! Alkyş Size, şöhrat Size, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!» diýen at bilen guralan söhbetdeşlikde bolsa ýaş nesil hakynda uly aladalary edýän Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize hoşallyk sözleri öwran-öwran dile getirildi.