Habarlar

Bol hem elýeterli harytlar

14.08.2024

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ajaýyp zamanamyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda döwrümiziň gül-gunçalaryna deňelýän ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary, döwrebap bilim-terbiýe almaklary, okuw bilen dynç alşy sazlaşykly guramaklary üçin ähli şertdir mümkinçilikler döredilýär. Olaryň täze okuw ýylyna ähli taraplaýyn taýýarlykly barmaklary üçin üpjün edilýän amatlyklar hem ýörite bellenilmäge mynasypdyr. Tomusky dynç alyş möwsüminiň ahyrlap barýan häzirki günlerinde harytlaryny halkyň hyzmatyna bolluk bilen hödürleýän mekdep bazarlary munuň aýdyň kepili bolup, olar ýaş nesil hakynda edilýän aladanyň näderejede ýokarydygyny ýene bir ýola subut edýär.

Ähli etrap-şäherlerde hereket edýän mekdep bazarlaryndaky egin-eşikleriň, okuw esbaplarynyň milli harytlarymyz bolmagy aýratyn buýsandyryjydyr. Olardaky türkmeniň milli ruhuna kybap gelýän uzyn ýeňli, ýakasy keşdelenen ýaşyl reňkli köýnekleri, şolar bilen reňkdeş penjekleri, zähmet sapagynda geýmek üçin niýetlenen lybaslary okuwçy gyzlar höwes bilen satyn alýarlar. Okuwçy oglanlar-da mekdep bazarlaryndan özlerine gerekli lybaslaryň — köýnekdir penjekleriň, aýakgaplaryň döwrebap hem ýokary hilli görnüşlerini tapyp bilýärler. Bazarlaryň tekjelerine bezeg berýän nepis bejerilen tahýalar, ýantorbalar, depderdir gündelikler, çyzuw albomlary, reňkli kagyzlar, galamlar hem-de beýleki zerur okuw esbaplary alyjylaryň isleglerini doly kanagatlandyrýar. Aýratyn bellemeli zat, ol hem harytlaryň nyrhlarynyň halk üçin elýeterli bolmagydyr. Harytlaryň bolçulygyny, elýeterliligini synlanyňda, ýaş nesiller barada edilýän aladanyň toplumlaýyn häsiýete eýedigine guwanýarsyň, buýsanýarsyň.

Degişli edara-kärhanalaryň işgärleri mekdep bazarlarynyň guramaçylykly işlemegi üçin irgözinden taýýarlyk görip, satuwa çykarylan harytlar Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň tikinçilik kärhanalarynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň öndüren önümleridir. Şeýle-de okuwçylara gerek bolan depderdir gündelik ýaly esbaplar we beýleki neşir önümleri Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan taýýarlanyldy. Olaryň ýokary çap ediliş usulynda öndürilendigi aýratyn bellärliklidir. Ýeri gelende aýtsak, sanly ulgamyň gündelik durmuşymyza giňden ornaşan döwründe okuw esbaplaryny onlaýn söwda dükanlaryna sargyt etmek arkaly alyp bolýar.

Söwdasy ir ertirden başlanýan mekdep bazarlarynyň alyjysy ýetik. Olara gelýän çagalaryň we ene-atalaryň Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary we hoşallyklary egsilmeýär.