Habarlar

Welaýatymyzda pagta ýygymyna badalga berildi

11.09.2024

Welaýatymyzda pagta ýygymynyň badalga almagy mynasybetli welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda «Ak pataňyz üçin sag bol, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!» diýen at bilen geçirilen dabaraly maslahat geçirildi. Onda giň gerim berlen çykyşlaryň çuňňur mazmunynda beýan edilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen oba hojalyk pudagynda ýaýbaňlandyrylan oýlanyşykly özgertmeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Bu özgertmeler welaýatymyzda hem hil taýdan täze derejelere eýe bolýar. Munuň özi sebitiň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşinde, oba zähmetkeşleriniň öndürijilikli, netijeli zähmetinde aýdyň görünýär.

Hormatly Prezidentimiziň döwlet derejesinde edýän şunuň ýaly köpugurly aladalary ýurdumyzda azyk howpsuzlygynyň has-da berkidilmegine, pudagyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine netijeli itergi berýär. Maslahatda eziz Diýarymyzyň agrosenagat toplumynyň binýadyny pugtalandyrmakda edilýän giň gerimli aladalar hem-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýetişdirilen bereketli pagta hasylyny ýygnap almaga beren ak patasy üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy. Şeýle-de maslahatda ýetişdirilen «ak altynyň» ýekeje übtüginem yrýa etmän ýygnamakda öňde durýan wajyp wezipeler dogrusynda hem jikme-jik durlup geçildi.

Gyzylarbat etrabynyň «Batly mülkdar» daýhan hojalygynyň ekerançylyk meýdanynda dowam eden dabara baýramçylyk ruhuna beslenip, ak öýleriň hem-de oba hojalyk tehnikalarynyň owadan hatarlary bu ýere aýratyn bezeg berdi. Taryhy gymmatlyklaryň, oba hojalyk önümleriniň sergileri, on barmaklaryndan dür dökülýän zenanlarymyzyň el işleri, gadymdan gelýän ümeçilik dessurlarymyzdan görkezen parçalary, aýdyp beren gazaldyr läleleri hemmelerde ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy. Hatara atarylan toý gazanlarynda taýýarlanan milli tagamlar giňden ýazylan baýramçylyk saçaklarynyň berekedini artdyrdy.

Şunuň ýaly milli toý dessurlaryna beslenen dabarada ykdysadyýetimiziň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler barada buýsançly söhbetler edildi. Munuň üçin ýene bir ýola Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözleri aýdyldy. Soňra hormatly ýaşulular «Bismilla!» bilen pagta ýygymyna başlap berdiler. Pagta ýygymynyň başlanmagyna berlen ak patadan ruhlanan ýygymçy gyzlar ýygym işlerine köpçülikleýin girişip, «ak altynly» pelleri joşgunly zähmete beslediler.

Pagta ýygymyna bagyşlanan dabarada joşgunly aýdym-sazlar hem belentden ýaňlandy. Daýhan durmuşyny beýan edýän täsirli sahnalar, täze taryhy eýýamyň üstünliklerini, bagtyýar ýaşaýyş-durmuşymyzy, ýer eýeleriniň zähmet sepgitlerini, ynsanperwer döwlet syýasatymyzy, bereketli topragymyzy taryplaýan joşgunly aýdym-mukamlar, milli tanslar dabara gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady. Giňden ýaýbaňlandyrylan sergiler dabara gatnaşyjylaryň medeni gymmatlyklarymyza bolan buýsanjyny goşalandyryp, agrosenagat pudagynyň gazanýan üstünlikleri bilen içgin tanyşmaga mümkinçilik berdi.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly senesiniň uludan toýlanjak ýylynyň pagta hasylynyň ilkinji tonnalaryndan ýüklenen «ak altyn» kerwenini garşylamak dabarasy hem şatlyk-şowhuna beslendi. Gyzylarbat etrabynyň pagta arassalaýjy kärhanasynda bezemen awtoulag kerweni şowhunly el çarpyşmalardyr şirin aýdym-sazlar bilen garşylandy. Dabarada söz nobatyny alanlar hormatly Prezidentimiziň obasenagat toplumynda üstünlikli amala aşyrýan düýpli özgertmeleri barada ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Şeýle maksatnamalaýyn tutumlar janypkeş daýhanlarymyzy täze ýerleri özleşdirmäge, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmak arkaly ene toprakdan alynýan önümleriň möçberini artdyrmaga höweslendirýär. Munuň özi azyk bolçulygyny pugtalandyrmaga, her bir maşgalanyň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Dabarada şeýle üstünlikleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza uzak ömür, taryhy tutumlarynyň hemişe rowaç bolmagy arzuw edildi. Şeýle-de göreldeli zähmeti bilen tapawutlanýan daýhanlara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy.