Gahryman Serdarly berkarar Diýar şanly Garaşsyzlyk toýuna barýar
Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli welaýat häkimliginiň
welaýat medeniýet müdirligi bilen bilelikde Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň
ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada geçiren aýdym-sazly dabarasy
şatlyk-şowhuna beslendi. «Gahryman Serdarly berkarar Diýar şanly Garaşsyzlyk
toýuna barýar» diýen at bilen geçirilen dabarada mukaddes Garaşsyzlygymyzyň
ähmiýeti, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman
Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt
bähbitli ägirt uly tutumlary dogrusynda söhbet edildi. Halkymyzyň abadan we
bagtyýar durmuşy barada uly alada edýän Milli Liderimize we hormatly
Prezidentimize hoşallyk sözleri aýdyldy.
Ýokary buýsanja beslenen çärede aýdym-sazly çykyşlara hem
giň orun berildi. Welaýat döwlet drama teatrynyň artistleri «Garaşsyz, Bitarap
Türkmenistanym!» atly edebi-sazly kompozisiýa bilen çykyş etdiler. Soňra
baýramçylyk dabarasy welaýatymyzyň medeniýet, sungat ussatlarynyň, talyp
ýaşlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi. Olarda hormatly
Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän tutumly
işleriň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň waspy ýetirildi.
Dabaranyň ahyrynda oňa
gatnaşyjylar «Ýaşyň uzak bolsun, Arkadagly Serdarymyz!» diýen aýdymy ýokary
ruhubelentlikde ýerine ýetirdiler.