Baş baýramyň şanyna
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli
welaýat we Balkanabat şäher häkimlikleriniň, welaýat medeniýet müdirliginiň,
jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde geçiren aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy
«Garaşsyzlyk toýun tutýar Watanym» diýlip atlandyryldy. Welaýat merkeziniň Baş
baýdak meýdançasynda ýaýbaňlandyrylan dabara ýaşuly nesliň wekilleri, medeniýet
we sungat ussatlary, talyp ýaşlar
ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.
Medeniýet we sungat ussatlarynyň, zehinli talyplaryň joşgunly çykyşlary
türkmen sungatynyň baý mümkinçiligini beýan edýän döredijilik görnüşleri bilen
tapawutlandy. Täsirli çykyşlar çuňňur mazmunyň mynasyp beýanyna öwrüldi. Şol
many-mazmun beýik Garaşsyzlygymyza, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwrüniň taryhy özgertmelerine, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman
Arkadagymyza, peder ýoluny üstünliklere besleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza
bolan synmaz söýgüde jemlenýär. Şonuň üçinem täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň
parasatly baştutanlygynda nurana geljege okgunly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik
Bitarap Watanymyzyň köptaraply üstünliklerine, dünýä dolan şan-şöhratyna
agzybir halkymyzyň buýsanjynyň, guwanjynyň beýikdigini aýdyňlyk bilen görkezen çuň mazmunly çykyşlara baý bolan baýramçylyk
çäresi ýurt berkararlygymyzyň şanly senesini şöhratlandyran toý dabaralarynyň
hataryny artdyrdy.