Baş baýramymyz uly dabaralara beslendi
Garaşsyzlygymyzyň şanly
33 ýyllygy welaýatymyzda ýokary ruhubelentlikde bellenilip geçildi.
Esasy dabara Balkanabat şäherindäki Baş baýdak meýdançasynda geçirilip, oňa
welaýat we şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, dürli pudaklaryň
işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri, ýaşlar, şäheriň ýaşaýjylary gatnaşdylar.
Döwlet senamyzyň
belentden ýaňlanyp, ýaşyl Tugumyzyň al-asmana galdyrylmagy bilen baýramçylyk
dabarasyna badalga berildi. Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik
Bitarap Türkmenistanyň halkyna şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy
mynasybetli iberen Gutlagy dabaraly ýagdaýda okalyp, ol şowhunly el çarpyşmalar
bilen garşylandy. Bu ýerde edilen
çykyşlarda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen belent sepgitler, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň
halkymyza eçilen bagty dogrusynda buýsanç bilen bellenildi. Baş baýramymyzyň
öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş
derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen beýik işleriň has-da
rowaçlanjakdygynyň güwäsine öwrülendigi nygtaldy. Gahryman Arkadagymyza we
Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyldy.
Soňra welaýatymyzyň
medeniýet we sungat ussatlarynyň şirin owazly aýdym-sazlaryna, tanslaryna, welaýat
döwlet drama teatrynyň artistleriniň edebi-sazly kompozisiýasyna tomaşa edildi.
Uly joşgun bilen ýerine ýetirilen çykyşlarda ýurt Garaşsyzlygynyň, Gahryman
Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň beýik işleriniň waspy
belentden-belent ýaňlandy.