Keşdeçi zenanlaryň bäsleşigi
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, ÝUNESKO-nyň işleri
barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň hem-de Türkmenistanyň
Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň
bilelikde yglan eden «Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz» atly
bäsleşiginiň welaýat tapgyry Balkanabat şäherindäki Türkmeniň «Ak öýi»
binasynda geçirildi.
Halkymyzyň medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň biri
bolan türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni
mirasynyň sanawyna girizilmegine bagyşlanyp geçirilen bäsleşik ene-mamalarymyzdan
gelýän keşdeçilik sungatyny mynasyp dowam etdirmegi, ýaşlarda bu sungata bolan
söýgini artdyrmagy maksat edindi.
Bäsleşige gatnaşan zenanlar onuň şertlerine laýyklykda,
türkmen keşdeçilik sungatyny ösdürmäge goşýan goşantlary barada buýsanç bilen
gürrüň berdiler. Olar ýaka, tahýa, kürte keşdelemekde taýýarlyk işlerini birme-bir
ýerine ýetirip, özleriniň saýlap alan keşdelerini çeper sözlerde wasp etdiler.
Olaryň keşdelejek işlerini dyzlarynyň üstlerinde dogry goýuşlary, iňňe tutuşlary,
sanjyşlary, işilen ýüpekleri ýerligine görä ulanyşlary emin agzalary tarapyndan
aýratyn gözegçilikde saklanyldy.
Zenanlaryň dürli nagyşlar bilen sünnälän milli lybaslarynyň
waspyny goşgularyň, rowaýatlaryň, gazallaryň üsti bilen ýerine ýetirmekleri
has-da täsirli boldy.
Milli mirasymyzy aýawly saklamaga, gadymy nusgalara täze
öwüşgin çaýmaga, olary ýaş nesillerimize ýetirmäge ähli mümkinçilikleri
döredýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyş sözleri çäräniň
dowamynda öwran-öwran dile getirildi.
Uly ruhubelentlige beslenen bäsleşigiň jemi jemlenilende,
Gyzylarbat etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň mugallymy Oguljeren Amangeldiýewa
we şol etrabyň 28-nji orta mekdebiniň mugallymy Laçyn Saryýewa ýeňijiler diýlip
yglan edildiler we olar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Bäsleşige gatnaşanlara Türkmenistanyň Kärdeşler
arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.