Habarlar

Magtymguly Pyragynyň mirasy — parahatçylygyň, dostlugyň, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň binýady

21.10.2024

Welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda welaýat häkimliginiň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramaklarynda «Magtymguly Pyragynyň mirasy — parahatçylygyň, dostlugyň, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň binýady» atly dabaraly maslahat geçirildi. Jemgyýetçilik guramalarynyň, edara-kärhanalaryň wekilleriniň, il sylagly ýaşulularyň, kümüş saçly eneleriň hem-de talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda geçirilen maslahat ýokary ruhubelentlige beslendi.

Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde, daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň onda eden çuň many-mazmunly çykyşynyň taryhy ähmiýete eýe bolandygyny buýsanç bilen nygtadylar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň bütin Ýer ýüzünde uly meşhurlyga eýedigi, onuň goşgularynyň dünýä dillerine terjime edilip, söýlüp okalýandygy, akyldaryň parahatçylygy, aýdyň geljegi, bagtyýar durmuşy arzuwlan şahyrdygy we şol arzuwlarynyň ajaýyp zamanamyzda hasyl bolandygy barada gürrüň etdiler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şahyra goýulýan sarpanyň has ýokary derejelere göterilýändigine paýtagtymyzda geçirilen halkara forum aýdyň şaýatlyk edýändigini belläp, beýik söz ussadynyň at-abraýyny arşa göteren Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza  tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.

Dabaraly maslahatda welaýatymyzyň sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlary ýaýbaňlandyrylyp, olarda Watanymyzyň, ajaýyp döwrümiziň, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleriniň, Magtymguly  Pyragynyň waspy belentden ýetirildi.