Habarlar

Buýsanja beslän goşa baýram

18.05.2026

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni welaýatymyzda şatlyk-şowhuna beslendi. Baýramçylyk gününde welaýat merkezindäki Baş baýdak meýdançasyna welaýat we Balkanabat şäher häkimlikleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň, edara-kärhanalaryň işgärleri, dili senaly ýaşulular, mährem eneler, talyplar ýygnandylar. Belentden ýaňlanan Döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen, ýaşyl Tugumyz dabaraly ýagdaýda ýokary galdyryldy. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baýramçylyk mynasybetli türkmen halkyna iberen Gutlagy okalandan soň, çykyşlara giň gerim berildi.

Welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeklerinde ýaňlanan döwrebap aýdym-sazlar, folklor we tans toparlarynyň, talyp ýaşlaryň joşgunly tanslary baýramçylyk dabarasyna gatnaşan adamlaryň ata Watanymyza, merdana hem agzybir halkymyza, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bitirýän beýik işlerine, al-asmanda erkana pasyrdaýan ýaşyl Tugumyza bolan buýsançlaryny artdyrdy. Baýramçylyk meýdançasynda  dürli reňkli şarlaryň hem-de parahatçylygyň nyşany bolan ak kepderileriň asmana uçurylmagy has-da täsirli pursatlar boldy. Goşa mukaddesligiň şanyna guralan baýramçylyk dabarasyna gatnaşanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň abadançylygynyň, ýurdumyzyň gülläp ösüşleriniň hatyrasyna ýadawsyz zähmet çekýän Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdyp, egsilmez hoşallyklaryny beýan etdiler.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli guralan baýramçylyk dabaralary «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, welaýatymyzyň ähli etrap-şäherlerinde hem uly şatlyk-şowhuna beslendi.