Habarlar

Möhüm işe goşant goşmak bagty

20.06.2022

Serdar etrabynyň ekin meýdanlaryndan ýygnalýan bugdaý hasylyny galla kabul edýän nokatlara daşamakda «Balkanawtoulag» önümçilik birleşiginiň sürüjisi Baýram Baýramdurdyýew hem göreldeli zähmet çekýär.

— Ak bugdaýyň egsilmeýän berekedi — halkymyzyň tutuş ýylyň dowamynda iýjek çöregi. Çörek bolsa halkymyz üçin iň mukaddes zatlaryň biridir. Şonuň üçin hem galla oragyna gatnaşmagy özümize bildirilýän uly ynam hasap edýäris. Şol ynamy ödemek abraý-hormatyňy beýgeldýär. Indi on ýedi ýyl bäri galla oragyna gatnaşyp gelýärin. Ak bugdaý harmanlarynyň gözümiziň alnynda beýgelip barýandygy göwnümizi göterýär. Şonuň üçin hem biz işde hiç hili argynlyk duýamzok. Öndürijilikli işlemekde döredilýän şert-mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize sag bolsun aýdýarys — diýip, «KamAZ» kysymly ýük awtoulagy bilen mydama hyzmata taýyn sürüji gürrüň berýär. Az wagtlyk gürrüňimiz paýawlandessine sürüji ulagyny işledip, bugdaý hasylyny ýygnaýan kombaýnlara tarap ugrady.