Habarlar
12.04.2024

Welaýat döwlet drama teatrynda «Gilgameş» atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi boldy. Ony dramaturg Oguljennet Bäşimowanyň pýesasy esasynda teatryň baş režissýory Öwezmämmet Galandarow sahnalaşdyrdy.

      Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýip yglan edilmegi mynasybetli «Gilgameş» dessany esasynda sahnalaşdyrylan bu sahna oýny turuwbaşdan dartgynly wakalara baýlygy bilen tapawutlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda ýurdumyzyň günortasynda dörän irki şäherler bilen Mesopotamiýadaky şumerleriň arasynda söwda we medeni gatnaşyklaryň bolandygy barada getirilýän maglumatlara esaslanyp sahnalaşdyrylan spektakl halkymyzyň medeni mirasyny, müňýyllyklara uzaýan  geçmiş taryhyny şu günki günüň tomaşaçylaryna ýetirmegi maksat edinýär.

      Taryhy wakalar içinden eriş-argaç bolup geçýän taryhy spektaklda Rejep Nazgurbanow, Myratberdi Sätiýew, Annasoltan Berdiýewa, Laçyn Nuryýewa, Gülnur Hajymämmedowa, Amansoltan Nepesowa, Hydyrberdi Hydyrow, Gurban Anjykow, Ýakup Öwezow, Arslan Mämmetgulyýew, Parahat Elýasow dagy özlerine ynanylan keşpleri ussatlyk bilen ýerine ýetirmegi başardylar. Spektaklyň sahna bezegini Kuwwat Mämmetnepesow ýerine ýetirdi.

08.04.2024

Welaýat merkezinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli  guralan dabaraly çäreler ýokary ruhubelentlige beslendi. Welaýat häkimliginiň meýilnamasyna laýyklykda bedenterbiýe-sagaldyş toplumlarynda, iri edara-kärhanalarda sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlaryna, bedenterbiýe maşklaryna giň orun berildi. Bahar paslynyň ir säherinde edara-kärhanalarda sport maşklarynyň ýerine ýetirilmegi köpçülikleýin häsiýete eýe boldy

         Balkanabat şäherindäki  «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanyndan badalga alan köpçülikleýin welosipedli ýörişe  welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport we beýleki ulgamlaryň işgärleri we  talyp ýaşlar gatnaşdylar. Ýörişiň geçýän ugrunda  medeni çäreler giň gerimde ýaýbaňlanyp, belentden ýaňlanan aýdym-sazlar, joşgunly çykyşlar  ýörişe gatnaşyjylaryň ruhubelentligini has-da belende göterdi. Ýolugra ýaş türgenleriň görkezme çykyşlaryna hem tomaşa eden ýörişe gatnaşyjylar halkymyzyň  saglygyny goramakda we berkitmekde edýän taýsyz tagallalary üçin  Gahryman Arkadagymyza hem-de  Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.    

         Balkanabat şäherindäki köpugurly sport toplumynyň öňünde  «Arkadagly Gahryman Serdarymyz  bilen öňe barýar sagdyn nesil» diýen at bilen geçirilen çäreler hem juda täsirliligi bilen tapawutlandy. Ol ýerde ýaňlanan döwrebap aýdym-sazlarda, ýerine ýetirilen joşgunly tanslarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleriniň, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň waspy belentden ýetirildi. Bu ýerde türgenleriň sportuň birnäçe görnüşi boýunça ýerine ýetiren görkezme çykyşlary baýramçylyk çäresiniň täsirliligini artdyrdy.  

           Şanly sene mynasybetli dabaraly çäreler welaýatymyzyň ähli etrap-şäherlerinde giň gerimde ýaýbaňlandy.

08.04.2024

Mukaddes Oraza aýynyň Gadyr gijesiniň hormatyna Balkanabat şäheriniň kenarýaka Hazar şäherçesinde täze metjit açylyp ulanmaga berildi.

         Welaýatymyzyň dürli künjeklerinden gelen il sylagly ýaşulular täze metjidiň açylyş çäresiniň dowamynda bu ajaýyp ymaratyň içine aýlanyp, onda däp-dessurlarymyzy berjaý etmek üçin döredilen ähli amatlyklar bilen içgin tanyşdylar. Olar metjidiň döwrebap mümkinçiliklerine göz ýetirip, halkymyzyň dini ynançlaryny we garaýyşlaryny erkin berjaý etmegi üçin ähli şertleri döredýän, milli medeniýetimizi we mirasymyzy täze belentliklere göterýän  Gahryman  Arkadagymyza hem-de  Arkadagly Gahryman  Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

          Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň buýurmasy esasynda gurlan Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesindäki täze metjidi ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Aga gurluşyk» hususy kärhanasynyň hünärmenleri öňdebaryjy tehnologiýalary, döwrebap gurluşyk we timarlaýyş serişdelerini ulanmak bilen bina etdiler. Metjidiň merkezi gümmeziniň depesinde Aýyň altyn çaýylan şekili goýlupdyr. Täze metjidiň haşamlanyp timarlanan minaralarynyň dördüsi ymarata aýratyn görk berýär.

          Bir wagtda 500 adamyň namaz okamagy üçin ähli şertlerdir mümkinçilikler döredilen binanyň içki bezeglerinde deňiz tolkunlarynyň, balyk teňňeleriniň şekilleri juda ussatlyk bilen ýerine ýetirilipdir. Şeýle hem bu ýerde 500 orunlyk sadaka jaýy gurlup, metjitdäki we sadaka jaýyndaky çyralaryň şekilleriniň gämi we ýelken  görnüşlerinde bolmagy Hazar şäherçesiniň balykçylaryň gadymy we şöhratly mekanydygyny  aňladýar. Täze metjidiň çäginde  awtoulaglar üçin ýörite duralga hem bar. Deňiz ýakasynda bina edilen  metjit özüniň diňe bir binagärlik keşbi, içerki we daşarky bezegleri bilen däl-de, eýsem, ýanaşyk ýerleriniň bagy-bossanlyga bürelendigi bilen hem tapawutlanýar. Metjit agşamlaryna özüniň älemgoşar öwüşginli yşyklary bilen daş-töwerege nur çaýyp, şäherçäniň görküne özboluşly nuranalyk keşbini eçilýär.

          Hazar şäherçesine özboluşly bezeg berýän täze metjitde agzaçar sadakasy berildi. Onda edilen aýat-töwirlerde Gahryman hajy Arkadagymyza  hem-de  Arkadagly Gahryman hajy Serdarymyza bark jan saglyk,  uzak ömür, il-ýurt bähbitli amala aşyrýan beýik işlerinde ebedi rowaçlyk, berkarar döwletimize gülläp ösüş, halkymyza baky bagtyýarlyk dileg edildi.

03.04.2024

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher zehininden syzylyp çykan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy welaýat döwlet drama teatrynda geçirildi. Welaýat hem-de şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, edara-kärhanalaryň işgärleriniň, il sylagly ýaşulularyň, kümüş saçly eneleriň gatnaşmaklarynda geçirilen dabara ýokary ruhubelentlige beslendi. Dabarada çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň kitabynyň çapdan çykmagynyň şan-şöhratly taryhymyzy, milli medeniýetimizi, sungatymyzy giň äleme ýaýýan, halkymyzyň at-abraýyny dünýä ýüzünde dabaralandyrýan şanly waka öwrülendigini nygtadylar.

Änew medeniýetiniň taryhy baradaky gyzyldan gymmatly maglumatlaryň her biri ylmy taýdan öwrenilmäge mynasypdyr. Ata-babalarymyzyň gurmak hem-de döretmek ýaly sogaply ýörelgeleri, halkymyzyň şöhratly geçmişi barada giňişleýin gürrüň edilýän ajaýyp kitaby okanyňda, keremli topragymyza, eziz Watanymyza bolan söýgiň has-da artýar. Şöhratly pederlerimiziň, senetçi ussalarymyzyň guran binalarynyň dünýäniň hiç bir ýerinde gaýtalanmaýan sungatdygyny açyp görkezýän Änew medeniýeti, ýadygärlikleri daşary ýurtly syýahatçylaryň hem ünsüni özüne çekýär.

Çykyş edenler şular dogrusynda gürrüň edip, milli däp-dessurlarymyzy, medeniýetimizi we sungatymyzy beýan edýän eserini halkymyza peşgeş beren Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Tanyşdyrylyş dabarasynda welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna giň orun berildi. Joşgunly ýaňlanan aýdym-sazlarda gözel Watanymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan beýik işleriniň, dost-doganlygyň waspy ýetirildi.

Ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabarada hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edildi.

23.03.2024

Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli welaýatymyzda şatlyk-şowhunly çäreler biri-birine ulaşdy. Şeýle dabaralaryň biri Magtymguly etrabynyň «Akderek» ýaýlasynda geçirildi. Bu ajaýyp ýaýlany synlanyňda, tebigatyň sahawatly türkmen topragyna ajaýyp gözelligi eçilendigine magat göz ýetirýärsiň. Daş-töwerege bezeg berýän al-elwan güller, owlak-guzularyň, guşlaryň sesi ajaýyp sazlaşyk döredip, ýaýla toý ruhuna beslendi.

Dabara baýramçylyk ýörişi bilen badalga aldy. Il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, gelin-gyzlar, ruhubelent ýaşlar, bagtyýar körpeler baýramçylygyň geçýän ýerine geldiler hem-de begrese beslenen ýaýladaky türkmen obasyna aýlanyp gördüler. Ak öýleriň öňünde guralan halyçylyk, keşdeçilik, zergärçilik, amaly-haşam sungatynyň önümleriniň, gelin-gyzlarymyzyň on barmagynyň hünäri bolan beýleki el işleriniň sergisini höwes bilen synladylar.

Baýramçylyk dabarasyna gatnaşýanlar birek-biregi baharyň buşlukçysy bolan ajaýyp baýram bilen gutladylar. Halkymyzy bolelin, eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk hem alkyş sözlerini aýtdylar.

Halk döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ýaýbaňlanan ümeçilik dessury, «ogul öýermek» däbi asylly ýol-ýörelgelerimiziň dowamat-dowamdygynyň güwäsine öwrüldi. Folklor toparlarynyň çykyşlarynda Milli bahar baýramy bilen bagly halkymyzyň ýagşy umyt-arzuwlary, däp-dessurlary, yrym-ynançlary, ýaşaýyş baradaky çuňňur paýhasly garaýyşlary öz beýanyny tapdy. Bagşy-sazandalaryň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda, gazallarynda, tans toparlarynyň joşgunly tanslarynda berkarar döwletimiziň ösüşleriniň, ajaýyp zamanamyzyň, Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň dünýä nusgalyk işleriniň, Nowruzyň, tebigat gözellikleriniň waspy ýetirildi. 

Soňra baýramçylyk dabarasy «Ok atan» jülgesinde dowam edip, onuň şatlyk-şowhuny has-da artdy. Bu ýerde hem medeniýet we sungat işgärleriniň sahna oýunlary, folklor çykyşlary, aýdym-sazlary, tanslary biri-birine ulaşyp, çärä gatnaşýanlaryň göwünlerini galkyndyrdy. Ýaşajyk suratkeşleriň türkmen tebigatynyň gözelliklerini, Nowruzyň däp-dessurlaryny, bu ýerde ýaýbaňlandyrylan toý çärelerini wasp edip döreden suratlary hem baýramçylyk dabarasynyň täsirliligini artdyrdy.