Habarlar
06.03.2024

Balkanabat şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde welaýat häkimliginiň, welaýat zenanlar guramasynyň, welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramaklarynda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen aýdym-sazly dabara «Pyragy wasp edýär gelin-gyzlary, eneler — ojagyň bahar-ýazlary» diýlip atlandyryldy. Oňa kümüş saçly eneler, dürli ulgamda zähmet çekýän zenanlar, gelin-gyzlar gatnaşdylar.

Dabaraly çäräniň dowamynda çykyş edenler bahar paslynyň ilkinji günlerinde  bellenip geçilýän  Halkara zenanlar  güni  bilen bu ýere ýygnanan eneleri,  gelin-gyzlary  tüýs ýürekden gutladylar. Zenanlaryň bagtyýar ýaşaýyş-durmuşyny üpjün etmekde ähli şertleri döredip berýän, maşgala abadançylygy we nesil bagtyýarlygy barada bimöçber aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

         Çärede sungat ussatlarynyň çykyşlaryna giň orun berildi. Zehinli çagalaryň ýerine ýetirmeklerinde ýaňlanan döwrebap aýdym-sazlar, çagalar döredijilik toparlarynyň  joşgunly tanslary bu ýere ýygnananlara ruhy lezzet paýlady. Welaýat döwlet drama teatrynyň artistleriniň ýerine ýetiren kompozisiýa eserleri köpöwüşginli boldy. Welaýatymyzyň etrap-şäherlerinden  gelen  medeniýet we sungat ussatlarynyň, tans toparlarynyň çykyşlary baýramçylyk dabarasynyň şatlyk-şowhunyny hasam artdyrdy.  Welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetiren şirin aýdymlary, «Bagtyýarlyk» tans toparynyň tanslary el çarpyşmalar bilen garşylandy. Nebitçileriň medeniýet köşgüniň aýdymçylarynyň halk aýdymlary, «Dehistan» aýdym-tans we folklor-etnografiýa toparynyň  «Küştdepdi» tansy has-da göwün göteriji boldy.

06.03.2024

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 2-4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlarynyň arasynda bilelikde yglan eden «Iň eýjejik gyzjagaz — 2024» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry Balkanabat şäherindäki nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda geçirildi.

Bäsleşige gatnaşan eýjejik gyzlar ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alnyp barylýan tutumly işleri, eziz Watanymyzy, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, sporty wasp edýän şirin aýdymlary ýerine ýetirdiler. Geýen milli lybaslarynyň, dakynan şaý-sepleriniň gözelligini goşgularyň üsti bilen taryp etdiler. Ýaş aýratynlyklaryna görä, ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän el işlerini ýerine ýetirmekde ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Şatlyk-şowhunly geçen bäsleşigiň netijesi boýunça Balkanabat şäherindäki 21-nji orta mekdebiň 2-nji synp okuwçysy Merýem Seýitmämmedowa birinji, Gyzylarbat etrabyndaky 25-nji orta mekdebiň 2-nji synp okuwçysy Leýli Saparmyradowa ikinji orunlara mynasyp boldular. Olar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşarlar

01.03.2024

Türkmenbaşy şäherindäki 32-nji çagalar bakja-bagynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, welaýat häkimliginiň hem-de welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda «Çagalara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakda öňdebaryjy iş tejribäni öwrenmek we ýaýratmak, halypaçylyk işlerini netijeli guramak boýunça alnyp barylýan usuly işleri kämilleşdirmegiň ýollary» atly usuly-amaly maslahat geçirildi. Oňa gatnaşyjylar kenarýaka şäherdäki mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän körpeleriň aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa etdiler. Welaýatymyzdaky mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň, şeýle hem bilim işgärleriniň öňdebaryjy iş tejribesi esasynda  taýýarlanan okuw-görkezme esbaplarynyň we usuly işleriniň sergisi bu möhüm çärä gatnaşanlarda uly gyzyklanma  döretdi.

Usuly-amaly maslahatda çykyş edenler mekdebe çenli çagalar edaralarynda öňdebaryjy iş tejribeleri öwrenmegiň we ýaýratmagyň, halypa-şägirtlik işlerini alyp barmagyň ýollaryny dowam etdirmegiň ugurlary barada içgin pikir alyşdylar, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda öňde duran wezipeleri durmuşa geçirmegiň ýollaryny kesgitlediler. Ýagty ertirlerimiziň eýeleri bolan ýaş nesil barada edýän uly aladalary üçin Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize alkyş sözleri çärede öwran-öwran dile getirildi.

28.02.2024

Türkmenbaşy şäherinde türkmen halkynyň milli medeni mirasynyň görnükli eserleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegini giňden wagyz etmek maksady bilen geçirilen dabaraly maslahat «Milli mirasyň galkynýan zamanasy» diýlip atlandyryldy. Ony Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariaty hem-de Balkan welaýat häkimligi bilelikde guradylar.

         Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport merkeziniň girelgesinde ýaýbaňlandyrylan sergi dabaraly maslahatyň özboluşly badalgasyna öwrüldi. Sergini synlanlar muzeý gymmatlyklary, türkmen zenanlarynyň zehininden dörän nusgalyk el işleri hem-de beýleki medeni gymmatlyklarymyz bilen ýakyndan tanyşdylar. Bu ýerde medeniýet we sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlary, Ependiniň şorta sözlerinden ýerine ýetirilen parçalar dowamly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

         Şeýle täsirli pursatlar bilen başlanan dabaraly maslahatda türkmen halkynyň dünýäniň ruhy-medeni ösüşine uly goşant goşandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýan milli medeni mirasymyzy ylmy taýdan öwrenmekde, baýlaşdyrmakda hem-de dünýä ýaýmakda ýetilen belent sepgitler, üstünliklere beslenýän döwletli tutumlar dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Onda çykyş edenler BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen alnyp barylýan işjeň hyzmatdaşlygyň netijesinde, ýurdumyzyň 20-den gowrak taryhy, tebigy, medeni we ýazuw ýadygärlikleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy we maddy däl medeni mirasynyň sanawlaryna girizilmegini munuň buýsançly subutnamasy hökmünde mysal getirdiler. Maslahatda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde giňden bellenilip geçiljek akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň bu guramanyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna hem-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmeginiň halkymyzda çäksiz buýsanç duýgularyny döredendigi aýratyn nygtalyp geçildi.

         Dabaraly maslahatda umumadamzat ösüşiniň aýrylmaz bölegi bolup durýan milli medeni mirasymyzy aýawly saklap, geljekki nesillere ýetirmekde hem-de dünýä ýaýmakda ägirt uly işleri üstünlikli durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna aýdylan alkyşly sözler belentden-belent ýaňlandy.

21.02.2024

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň welaýat tapgyry Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirildi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan zenanlar gatnaşdylar.

Üstümizdäki ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli we zenanlaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmegi, dürli ugurlar boýunça olaryň tekliplerini öwrenmegi hem-de goldamagy, maşgala mukaddesligini, eneligi we çagalygy goramagy, ýaş nesli milli ruhda terbiýelemegi, olarda watançylyk duýgularyny kemala getirmegi, sagdyn durmuş ýörelgelerini ündemegi wagyz etmek esasy maksady bolan bäsleşige gatnaşan zenanlar ýedi ugur boýunça güýç synanyşdylar.

Gyzykly hem-de täsirli ýagdaýda geçen bäsleşigiň netijesi boýunça «Ýylyň işewür zenany» diýen ada Balkanabat şäherindäki 47-nji çagalar bagynyň müdiri Nurbibi Hojagurbanowa, «Ýylyň çeper elli zenany» diýen ada Türkmenbaşy şäherindäki 9-njy orta mekdebiň mugallymy Almagül Kižžikowa, «Ýylyň mährem zenany» diýen ada Bereket etrabyndaky 5-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Nurtäç Hangurbanowa, «Ýylyň sungatda işjeň zenany» diýen ada Esenguly etrap medeniýet bölüminiň medeniýet merkeziniň medeni-köpçülik çäreleriniň režissýory Jennetgül Garajaýewa, «Ýylyň Watançy zenany» diýen ada harby gullukçy Maýa Muhyýewa, «Ýylyň telekeçi zenany» diýen ada Türkmenbaşy şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri Bahar Arazmedowa, «Ýylyň öňdebaryjy oba zenany» diýen ada Gyzylarbat erabynyň D. Azady geňeşliginiň hünärmeni Şemşat Garryýewa mynasyp boldular.

Ýeiňijiler bu bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.