Habarlar

Bagtyýar çagalyk

22.07.2022

Ýurdumyzda dowam edýän tomusky dynç alyş möwsüminde mekdep okuwçylary

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda wagtlaryny gyzykly we täsirli geçirýärler.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan düzülen ýörite

meýilnama esasynda çagalar bilen gyzykly, täsirli çäreler, duşuşyklar, gezelençler,

sport ýaryşlary we döredijilik bäsleşikleri geçirilýär. Ýakynda TMÝG-niň welaýat we

Türkmenbaşy şäher geňeşleri, şeýle hem welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi

bilelikde bu ýerde ýerleşýän «Daýanç» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç

alýan körpeleriň arasynda «Bagtyýar çagalyk» ady bilen kenar ýakasynda çygly çägeden

şekil ýasamak boýunça bäsleşik geçirdiler. Oňa gatnaşan çagalar gülleýän, gül açýan

Watanymyzyň tebigy gözelliklerini, ajaýyp «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny,

bagtyýar çagalygy, ýurdumyzda gurulýan ajaýyp binalary şekillendirdiler. Bäsleşikde

«Awaza» topary birinji, «Asuda» topary ikinji, «Şatlyk» topary bolsa üçünji orunlary

eýelediler.

«Daýanç» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň sport meýdançasynda

«Berkarar döwletiň sagdyn nesilleri» ady bilen sportuň dürli görnüşleri, şeýle-de deňziň

kenarynda tanap çekmek boýunça geçirilen bäsleşikler hem täsirli boldy. Gyzykly we

çekeleşikli geçen sport bäsleşiklerinde ýeňiji bolan çagalara ýadygärlik sowgatlar

gowşuryldy.

Bäsleşiklerden soň çagalar «Awaza» derýasynda gaýykda gezelenç etdiler we

Hazar deňziniň, tebigatyň gözelliklerini synladylar.